Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen resmileri 'azyk bolçulygynyň' döredilýändigini aýdýarlar


Aşgabat, Kämil bazar.
Aşgabat, Kämil bazar.

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Orazmyrat Gurbannazarow 15-nji dekabrda geçirilen hökümet maslahatynda ýurtda “azyk bolçulygyny saklamak, ýokary hilli azyk önümlerine elýeterliligi hem-de içerki bazary yzygiderli doldurmak boýunça geçirilýän işler barada” hasabat berdi.

Azatlygyň ozal habar berşi ýaly, ýurtda Taze ýyl baýramçylygynyň öňünden ýumurtga, un gytçylygy göze ildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda öndürilýän önümleriň hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň möçberlerini artdyrmagyň möhümdigini belläp, wise-premýere anyk görkezmeleri berdi diýip, döwlet eýeçiligindäki TDH habar gullugy habar berýär.

Şeýle-de prezident ilatyň azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmak meselelerini hemişe berk gözegçilikde saklamak barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi diýip, habarda aýdylýar.

Türkmen prezidenti her baýramçylygyň öňünden azyk bolçulygyny döretmegi, ilata edilýän söwda hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmagy talap edýär.

Türkmenistanyň agrar ýurt bolmagyna garamazdan, ýurduň bazarlary ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleri meselesinde, et-ýag, gök we miwe babatda esasan daşary ýurt önümlerine garaşly bolmagynda galýar diýip, ýerli çeşmeler habar berýär.

Berdimuhamdow bu ýagdaýdan çykalga ataryp, golaýda azyk howpsuzlygy boýunça döwlet komissiýasyny döretdi. Emma bu komissiýanyň azyk meselesinde dörän kynçylyklary aradan aýyrmakda nähili anyk çäreleri görýändigi aýdylmaýar.

XS
SM
MD
LG