Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Atlantanyň halkara aeroportunyň elektrik üpjünçiligi dikeldildi


Atlantanyň Hartfield-Jackson halkara aeroporty, 17-nji dekabr, 2017.

ABŞ-nyň Georgia ştatynyň paýtagty Atlantanyň halkara aeroportunyň elektrik üpjünçiligi dikeldildi. Dünýä ýüzünde iň gyzgalaňly hasaplanýan bu aeroportyň elektrik üpjünçiligi kesilip, 1000 çemesi uçar ýatyrylypdy.

Atlantanyň Hartsfield-Jackson halkara aeroportundan uçar gatnawynyň 18-nji dekabrda agşam dikeldilmegine garaşylýar.

Aeroportuň resmileri elektrik üpjünçiligiň 17-nji dekabrda ýerli wagt bilen gündiz sagat birde kesilendigini we 11 çemesi sagatlap dowam edendigini, ýolagçylaryň garaňky aeroportda ýa-da uçarlaryň içinde garaşmaly bolandygyny aýtdylar.

Aeroporty üpjün edýän Georgia ştatynyň elektrik edarasy ýerasty elektrik desgalaryndaky ýangynyň bu ýagdaýa sebäp bolandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG