Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tramp täze howpsuzlyk strategiýasyny ‘yglan edip, Hytaýy tankytlar’


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp we onuň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi H.R. MkMaster

Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli resmileri amerikan prezidenti Donald Tramp şu gün 18-nji dekabrda etjek çykyşynda, täze howpsuzlyk strategiýasyny yglan edip, Hytaýy tankytlar diýýärler.

Habar gulluklarynyň amerikan resmilerine salgylanyp bildirmegine görä, Trampyň çykyşynda üns merkezine getirilen onuň “ilki Amerika” diýen syýasaty bolar. Şeýle hem prezident Hytaýy bäsdeş diýip atlandyryp, ony “ykdysady agressiýada” aýyplar.

Donald Tramp Hytaýyň prezident Şi Jinpingi wagtal-wagtal taryplasa-da, Pekini ballistik raketa we atom ýaraglaryny synag etmegi dowam etdirýändigi üçin, öz ýarany Demirgazyk Koreýa basyş etmäge çagyrdy.

“Financial Times” gazeti Buş administrasiýasynyň öňki resmisi Maýkel Allene salgylanyp: “Howpsuzlyk strategiýasy Hytaýa garşy birgiden ykdysady çäreler babatda başlangyç ýaragdyr” diýip ýazdy.

Käbir tankytçylar Hytaýa has agressiw çemeleşmegiň Aziýanyň bu ägirdi bilen weýrançylykly söwda urşuna getirmegi mümkin diýip duýduryş berýärler.

Öten hepdäniň soňky günlerinde taslamasy taýýarlanan howpsuzlyk strategiýasy prezident Ronald Reaganden bäri amerikan prezidentleri tarapyndan, köplenç dört ýylda bir gezek çykarylyp gelinýän resmi dokument.

Bir resminiň aýtmagyna görä, Trampyň özünden öňki prezident Barak Obamanyň klimat özgermesi milli howpsuzlyga abanýan howp diýen yglannamasyny ýatyrmagy mümkin.

Trampyň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi H.R. MkMaster 12-nji dekabrda sözlän sözünde, strategiýa Birleşen Ştatlaryň daşary ýurtlardaky harby we ykdysady güýjüni planlaşdyrmaga, Hytaýa we Orsýete garşylyk görkezmäge, şeýle hem Eýran bilen Demirgazyk Koreýadan abanýan ýadro howpuny çäklendirmäge gönükdiriler diýdi.

MkMaster Hytaý bilen Orsýete salgylanyp: “Soňky ýyllarda biz köp babatlarda bäsdeşlik giňişliklerini boşadyp, bu rewizionistik döwletlere mümkinçilik döretdik” diýdi.

Orsýet bilen Hytaý “halkara düzgüniniň we durnuklygynyň köküni gowşadýarlar” we “öz goňşularynyň özbaşdaklyk hukuklaryny we kanunçylygy äsgermezlik edýärler” diýip, MkMaster aýtdy.

Ol Orsýet “urşuň täze nesline” öňbaşçylyk etdi. “Onda ýykgynçylykdan, kiber gurallarynyň üsti bilen ýalňyş maglumat bermekden we propagandadan peýdalanylýar. Biziň öz milletimiziň içindäki jemagatlary bir-birine duşman etmäge, ynam krizisini döretmäge synanyşylýar” diýdi.

MkMaster bulary Amerikanyň aňtaw gulluklarynyň Orsýet Birleşen Ştatlarda 2016-njy ýylda geçen prezident saýlawlaryna garyşmak üçin utgaşykly kampaniýa alyp bardy diýýänine gytaklaýyn salgylanyp aýtdy. Putin bilen Orsýetiň beýleki resmileri Moskwa saýlawlara garyşdy diýilýäni ret edýärler

13-nji dekabrda Putiniň sözçüsi Dmitriý Peskow MkMasteriň aýdýanlary “aşa we düýbünden ýalňyş”, Orsýet “Birleşen Ştatlarda çylşyrymly ýykgynçylygy islänok” diýdi.

Resmileriň aýtmagyna görä, strategiýanyň düzülmegine gözegçilik edenler MkMaster bilen onuň orunbasary Dina Powell. Syýasy dokumenti global bäsdeşlik boýunça bilermen Nadia Şadlow ýazypdyr. Taslama taýýarlanyp ýörkä, Şadlow Tramp bilen duşuşypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG