Orsýetiň içalyçylykda güman edýän norwegiýalyny saklaýandygyny we onuň orsýetliden gizlin dokumentleri alansoň tussag edilendigini 19-njy dekabrda resmiler habar berdiler.
Frode Berg Moskwanyň Lefortowo etrap sudunyň 6-njy dekabrda çykaran karary esasynda tussag astynda saklanýar diýip, suduň metbugat-wekili Ýekaterina Krasnowa salgylanyp, Interfaks agentligi habar berýär.
Orsýetiň media maglumatlarynda ady agzalmadyk resmä salgylanylyp, habar berlişine görä, Berg Orsýetiň harby deňiz güýçleri barada gizlin maglumatlary alan pursadynda ele salnypdyr we onuň şol dokumentleri Norwegiýanyň we ABŞ-nyň aňtaw agentliklerine gowşurmagy planlaşdyrandygy güman edilýär.
Interfaks agentligine görä, Orsýetiň häkimiýetleri Berge dokumentleri noýabryň aýagynda dönüklikde güman edilip, tussag edilen Alekseý Žitnýuk tarapyndan berlen bolmagyny güman edýärler.
Norwegiýanyň mediasy 62 ýaşly Bergiň öňki serhet inspektorydygyny we Norwegiýanyň daşary işler ministrliginiň oňa ýardam bermek boýunça iş alyp barýandygyny habar berdi.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.
Путин ол "Дворец" мана дегишли дал диййар ,болманда ол озунинкидигини айдармы ?Ол хемише органын стили билен херекет эдйар , ягны хич вагт боюн алмалы далдир дийлен ! Олара гуйч болса ,эдил озлеринин хич бир дунйадаки адамлары,гурамалары адам хасабында гормейишлери ялы ,хич зат сораманы сонкы басышы этмели Кремльин хеммесине , йоне Песковы ятдан чыкарманы ! Шол басышдан сонра оларын барысы халкын онунде ,оларын дызларына чокуп отунч сорар ялы ягдай доретмели!