Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp: ABŞ 'bäsdeş güýçler' Hytaý we Orsýet bilen 'ajaýyp partnýorlyk' isleýär


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 18-njy dekabrda ABŞ-nyň Hytaý we Orsýet babatynda has berk pozisiýasyny göz öňünde tutýan täze milli strategiýasyny mälim etdi, emma ol Waşingtonyň öz milli bähbitlerini goramak bilen bir wagtda bu iki dünýä güýji bilen “ajaýyp partnýorlygy” gözleýändigini belledi.

ABŞ-nyň prezidentiniň Waşingtonda eden uly göwrümli çykyşynyň yzýany Ak Tamyň çap eden strategik dokumentinde, Tramp “realizm” we “Amerika birinji” milli howpsuzlyk ýörelgeleriniň öňe sürüljekdigini aýtdy we özünden öňki prezidenti terrora garşy göreş, Demirgazyk Koreýa we Eýran bilen bagly meselelerde tankyt etdi.

Şeýle-de Tramp ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýasynyň Yrakda we Siriýada “Yslam döwleti” (YD) toparyna garşy söweşlerini makullady we Pakistanyň terrora garşy göreşde has aýgytly bolmalydygyny belledi.

ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça täze strategiýasynda Hytaýyň we Orsýetiň “Amerikanyň kuwwatyna, täsirine we bähbitlerine päsgel döredýändigi we amerikan howpsuzlygyna hem abadançylygyna zyýan ýetirmäge synanyşýandygy bellenýär.

XS
SM
MD
LG