Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanyň oppozision syýasatçysy Babanow öz telekanalynyň elinden alynmagyny ýazgardy


Gyrgyzystanyň oppozision syýasatçysy we prezidentlige öňki dalaşgär Omurbek Babanow

Gyrgyzystanyň oppozision syýasatçysy we prezidentlige öňki dalaşgär Omurbek Babanow özüniň Bişkekdäki telekanalyny elinden almak boýunça synanyşygy “basyp alyjy reýd” diýip atlandyrdy.

Babanow Gyrgyzystanda iň uly hususy telekanalyna NTS telewideniýesine garşy ädilen ädimleriň “akyla sygmajak” bir hereketdigini 20-nji dekabrda Facebook sosial ulgamynda ýazdy.

Suduň we polisiýanyň wekilleri 19-njy dekabrda NTS telekanalyna reýd geçirdiler we telekanalyň emlägini almak barada suduň karar çykarandygyny aýtdylar.

NTS telekanalyna garşy çäreler suduň öňki prezident Atambaýew barada tankydy maglumatlary beren Sentýabr atly telekanalyň işini bes etmek barada çykaran kararyndan dört aý geçensoň başlandy.

XS
SM
MD
LG