Sepleriň elýeterliligi

Kreml ABŞ-nyň Kadyrowa garşy sanksiýalaryny bikanun atlandyrdy


Ramzan Kadyrow

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat-wekiliniň aýtmagyna görä, Moskwan ABŞ-nyň Kreml tarapyndan goldanýan Ramzan Kadyrow babatynda girizen sanksiýalaryna “bikanun” we “dostlukly däl” diýip garaýar.

Dmitriý Peskow 21-nji dekabrda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Orsýetiň jogap berip biljegini belledi.

ABŞ-nyň maliýe departamenti Kadyrowa garşy maliýe we syýahatçylyk sanksiýalaryny girizdi. Magnitskiý akty diýlip atlandyrylyp, 2012-nji ýylda kabul edilen dokumente laýyklykda adam hukuklaryny depelemek we gynamak işine baş goşan orsýetlileri jezalandyrmak göz öňünde tutulýar.

Sanawda orsýetlileriň ýene dördüsiniň, şol sanda Kadyrow bilen bilelikde “halkara derejesinde ykrar edilen adam hukuklaryny giňden bozmakda” aýyplanan howpsuzlyk resmisi Ayub Katayewiň ady agzaldy.

XS
SM
MD
LG