Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak raýaty YD-ny goldamak üçin dildüwşük etmekde 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi


Nýu-Ýorkyň sud zalynda Ahror Saidahmedowy (çepde) we Abdurasul Jurabaýewi şekillendirýän surat
Nýu-Ýorkyň sud zalynda Ahror Saidahmedowy (çepde) we Abdurasul Jurabaýewi şekillendirýän surat

Nýu-Ýorkyň Bruklin sebitinde ýaşaýan gazak raýaty “Yslam döwleti” ekstremist toparyny maglumat goldawy bilen üpjün etmek üçin dildüwşük etmekde, 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

20-nji dekabrda Birleşen Ştatlaryň Nýu-Ýorkyň gündogar etrabynyň prokuraturasy 22 ýaşyndaky Ahror Saidahmedowyň türme tussaglygy tamamlanandan soň, onuň Birleşen Ştatlardan çykaryljakdygyny mälim etdi.

Şu ýylyň ýanwar aýynda Saidahmedow “Yslam döwleti” toparyny maglumat goldawy bilen üpjün etmek üçin, dildüwşük edendigini boýun aldy.

Saidahmedow bu aýyplama bilen aýyplanyp, 2015-nji ýylyň fewral aýynda Nýu-Ýorkyň John F.Kennedy atly halkara aeroportunda Stambula uçmaga synanyşan mahaly, tussag edilen alty adamyň biridir.

Prokurorlar şonda Saidahmedowyň “Yslam döwleti” söweşijilerine goşulmak üçin, Siriýa barýandygyny aýtdylar. Olaryň sözlerine görä, ol “Yslam döwletine” goşulmak üçin Siriýa sapar edip bilmese, onda özüniň Birleşen Ştatlardaky kanun goraýjy ofiserlere hüjüm etjekdigini aýdypdyr.

Birleşen Ştatlaryň häkimiýetleri Bruklinde ýaşaýan başga bir özbek raýaty Abdurasul Jurabaýewiň Saidahmedow bilen Siriýa gitmegi planlaşdyrandygyny aýtdy. Jurabaýew özüniň günälidigini boýun alypdy we ol şu ýylyň oktýabr aýynda 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Saidahmedowyň we Jurabaýewiň planlaryna goldaw bermekde aýyplanan dört adamyň biri hem şu ýylyň başynda özüniň günälidigini boýun alypdy.

Sud maglumatlaryna görä, Dilhaýot Kasimowa, Azizjon Rahmatowa we Akmal Zakirowa garşy aýyplamalar henizem derňelýär.

Şu ýylyň awgust aýynda ýene bir özbek raýaty Dilşod Husanow Saidahmedowyň Siriýa saparyny maliýe taýdan üpjün etmegi maslahatlaşmakda we beýlekilere “Yslam döwleti” ýa-da “Al-Nusra frontuna” goşulmaga ýardam bermekde aýyplanypdy.

XS
SM
MD
LG