Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serbiýa Orsýetden has köp ýarag satyn almak barada gepleşik geçirýär


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s) we Serbiýanyň prezidenti Aleksandr Wuçiç (ç), Moskwa, 19-njy dekabr, 2017
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s) we Serbiýanyň prezidenti Aleksandr Wuçiç (ç), Moskwa, 19-njy dekabr, 2017

Serbiýa Orsýetden satyn alyp biljek täze ýaraglarynyň arasynda harby dikuçarlary satyn almak barada gepleşik geçirýär.

Serbiýanyň goranmak ministri Aleksandr Wuliniň 21-nji dekabrda aýtmagyna görä, “ýokary derejeli harby hyzmatdaşlyk” barada ylalaşyga Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň we Serbiýanyň prezidenti Aleksandr Wuçiçiň arasynda Wuçiçiň şu hepdede Moskwa eden saparynyň netijesinde gelnipdir.

Serbiýanyň goranmak ministri Serbiýanyň alty sany “MI-17” kysymly dikuçaryny satyn almak we orsýet dikuçarlary üçin täzelenen baza döretmek isleýändigini aýtdy. Bu, Orsýetiň harbylarynyň ýurtda bolmagyna ýol açýar.

Şeýle-de Serbiýanyň resmisi Orsýetiň “Buk-M1” we “Buk-M2” kysymly raketa sistemalarynyň Serbiýa satylmagynyň we Belarusdan goşmaça “MiG-29s” we “S-300” howadan goranyş sistemasynyň satyn alynmagynyň maslahat edilendigini aýtdy.

Wulin Orsýet bilen has ýakyn gatnaşyklaryň we harby hyzmatdaşlygynyň Serbiýanyň halkara pozisiýalaryny “duýarlykly derejede üýtgedendigini we berkidendigini” aýtdy.

XS
SM
MD
LG