Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan 2018-2024-nji ýyllarda milli kosmos programmasyna 1 milliard 300 million manat sarp eder


Türkmenistanyň “TürkmenÄlem 52°E” atly ilkinji emeli hemrasy ABŞ-nyň Florida ştatynyň Kanaweral burnundaky kosmodromyndan 27-nji aprelde uçuryldy we “Falkon 9” raketa göteriji tarapyndan orbita çykaryldy.
Türkmenistanyň “TürkmenÄlem 52°E” atly ilkinji emeli hemrasy ABŞ-nyň Florida ştatynyň Kanaweral burnundaky kosmodromyndan 27-nji aprelde uçuryldy we “Falkon 9” raketa göteriji tarapyndan orbita çykaryldy.

Türkmenistan 2018-2024-nji ýyllarda kosmos boýunça milli programmasyna 1 milliard 300 million manat (371 million amerikan dollary) möçberinde pul çykarar.

TDH döwlet habar agentliginiň maglumatyna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary boýunça çykaryljak bu döwlet puluna türkmen emeli hemrasynyň ýene birini kosmosa uçurmak planlaşdyrylýar. Täze emeli hemranyň ýeriň düzümini anyk öwrenmek üçin niýetlenýändigi bellenýär. Resmi maglumata laýyklykda, ýurduň ýolbaşçylary täze emeli hemrany milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň ösüşini tizleşdirmek üçin ulanmagy planlaşdyrýarlar we bu kosmiki apparat halk hojalygynda ulanmak üçin iňňän amatly bolar diýip, hasap edýärler.

Türkmenistan 2011-nji ýylda prezidentiň ýanynda Milli kosmiki agentliginiň düýbüni tutdy, 2015-nji ýylda “TürkmenÄlem 52°Е” atly emeli hemrasyny kosmosa uçurdy.

XS
SM
MD
LG