Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow ozal işden boşadan orunbasaryny geňeşçi edindi


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 22-nji dekabrda Ýagşygeldi Kakaýewi Türkmenistanyň prezidentiniň nebit-gaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine bellemek hakyndaky karara gol çekdi.

Prezident Kakaýewi aprel aýynda hökümet başlygynyň nebit-gaz senagatyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesinden boşadypdy. Şonda ol gözegçilik edýän pudagyna kontrollygy gowşatmakda aýyplandy.

Metbugat habarlaryndan mälim bolşuna görä, Türkmenistanyň iň girdejili pudagy bolan nebit-gaz senagatyndaky maliýe kynçylyklary saklanyp galýar.

Berdimuhamedow dekabryň başynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory Döwletmyrat Bäşimowa, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Döwletdurdy Hajyýewe käýinç yglan etdi.

Resmi habara laýyklykda, olar hem wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde kemçilik goýberipdir.

Şu aralykda “Türkmennebit”, “Türkmengaz” döwlet konsernleriniň daşary ýurtly hyzmatdaşlaryna bergili bolup galýandygy barada habarlar çykdy.

XS
SM
MD
LG