Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Helmand: Ýoldaky bomba azyndan 7 adamy öldürdi


Helmand ýoly
Helmand ýoly

Owganystanyň günortasyndaky Helmand welaýatynda münüp barýan mini awtobuslary bombanyň üstünden baran asuda adamlaryň 7-si heläk boldy diýip, ýerli resmi aýtdy.

24-nji dekabr güni irden Marja etrabynda bolan hadysada üç adam ýaraly boldy diýip, welaýat geňeşiniň agzasy Mirza Hussain Alizada aýtdy.

Welaýat gubernatorynyň sözçüsi Omar Zwak ol ýerde ejir çekenleriň 10 adam bolandygyny we ölenleriň anyk sanynyň entek belli däldigini habar berdi.

Ýerli meida pidalaryň arasynda aýallaryň we çagalaryň hem bolandygyny habar berdi.

BMG-niň maglumatlaryna görä, 2017-nji ýylyň ýanwaryndan sentýabr aýynyň soňuna çenli aralykda Owganystanda elde ýasalan partlaýjylar arkaly 371 sany asuda adam öldürildi, 432 adam bolsa ýaralandy.

XS
SM
MD
LG