Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan partlamasy üç esgeri öldürdi


Hökümet adminstratory Kamran Afridi
Hökümet adminstratory Kamran Afridi

Pakistan resmileri bombalary zyýansyzlandyrýan toparyň golaýynda partlan bombanyň üç esgeri öldürendigini aýdýarlar.

Bu waka owgan serhediniň golaýynda boldy. Hökümet adminstratory Kamran Afridi 24-nji dekabrdaky partlamanyň Demirgazyk Wazirstanyň Gulam Han obasynda bolandygyny aýtdy.

Demirgazyk Wazirstan ýurduň ýarym awtonom tire sebitleriniň biri bolup, bu ýerde harbylar yslamçy jeňçiler, şol sanda pakistan talybany bilen söweşýär.

Ýarym harby Serhet korpusynyň esgerleri howpsuzlyk konwoýynyň geçmegi üçin ýolda barlag geçirýärdiler diýip, resmi aýtdy.

Ýerli aňtaw resmileri bu hadysany we pidalaryň sanyny tassyk etdiler. Hüjümiň jogapkärçiligini bada-bat üstüne alan tapylmady.

XS
SM
MD
LG