Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Papa Fransis Kristmas çykyşynda Ýosefi we Mariýany ýatlap, bosgunlara goldaw bildirdi


Papa Fransis, Watikanyň Sant Peter ybadathanasynda, 24-nji dekabr, 2017
Papa Fransis, Watikanyň Sant Peter ybadathanasynda, 24-nji dekabr, 2017

Papa Fransis Kristmas baýramçylygynyň ýetip gelendigini yglan edip, şu günki gün bosgunlaryň hem Iýesus Hristosyň dogulmagyndan öň Mariýanyň we Ýosefiň edişi ýaly öz öýlerinden gaçyp çykýandygyny belledi.

“Ýosefiň we Mariýanyň ýörän ýolunda şeýle köp adamyň aýak yzlary galdy. Biz tutuş maşgalalaryň ençemesiniň şu günki gün bu ýoldan geçmäge mejbur bolýandygyny görýäris” diýip, Papa Fransis 24-nji dekabrdan 25-nji dekabrda geçýän gijesinde Sant Peter ybadathanasynda eden baýramçylyk çykyşynda aýtdy.

Papa Hudaýyň “garaşylmadyk myhmanda, köplenç tanalmaýan, şäherlerimizden we töweregimizden ýöräp geçýän, ulaglarymyzda syýahat edýän we gapymyza kakýan” adamlarda bardygyny aýtdy.

Papa Fransisiň çykyşyny çak bilen 10000 adam ybadathanada, ýene ençemesi daşyndaky meýdançada diňledi.

XS
SM
MD
LG