Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalnyý prezidentlik saýlawlaryny boýkot etmäge çagyrdy


Alekseý Nawalnyý
Alekseý Nawalnyý

Orsýetiň Merkezi saýlaw komissiýasy Alekseý Nawalnynyň prezidentlik saýlawlarynda prezident Wladimir Putine bäsdeş bolmagyna resmi gadagançylyk girizdi.

Korrupsiýa garşy aktiwist we oppozision syýasatçy indiki ýylda geçiriljek saýlawlary boýkot etmäge çagyrdy.

25-nji dekabrda Merkezi saýlaw komissiýasy Nawalnynyň saýlawlara dalaşgär hökmünde gatnaşmak boýunça arzasyny kabul etmekden ýüz öwürdi we öz kararyny Nawalnynyň jenaýat işine çekilendigi bilen delillendirdi. Komissiýa Nawalnynyň şertli tussaglyga höküm edilmegi onuň saýlawlara gatnaşyp bilmeýändigini aňladýar diýdi. Nawalnyý özüne garşy gozgalan işi syýasy matlaply atlandyrdy.

Pikir öwrenmeler Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň aňsatlyk bilen indiki möhlete saýlanyp, 2024-nji ýyla çenli häkimiýet başynda galyp biljegini görkezdi.

XS
SM
MD
LG