Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Sankt Peterburgyň söwda merkezinde bolan partlamadan soň güman edilýän terrorçylar 'ýok edilmeli' diýdi


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Moskwa, 28-nji dekabr, 2017.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Moskwa, 28-nji dekabr, 2017.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 27-nji dekabrda Sankt Peterburgyň söwda merkezinde azyndan 10 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan partlamanyň terrorçylyk akty bolandygyny aýtdy we howpsuzlyk güýçlerini terrorçy dildüwüşiklere bagly gutulgysyz howplara çemeleşmekde “ýesir almazlyga” çagyrdy.

Putin partlamanyň ertesi 28-nji dekabrda eden çykyşynda howpsuzlyk güýçleriniň potensial howp döredýän we terrorist bolmakda güman edilýänleri “ýok etmelidigini” aýtdy.

Derňew komitetiniň metbugat wekili Swetlana Petrenkonyň 27-nji dekabrda aýtmagyna görä, Perekrestok söwda merkezinde partladylan “elde ýasalan” bombanyň güýji 200 gram trotil ekwiwalentine barabar bolupdyr.

Resmileriň 27-nji dekabrda agşam aýtmagyna görä, partlamada ýaralanan 10 adamdan dokuz adam bejergi üçin keselhana iberilipdir.

XS
SM
MD
LG