Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet, Özbegistan ýadro hyzmatdaşlyk barada ylalaşyga gol çekdiler


Orsýetiň Rosatom döwlet atom agentliginiň başlygy Alekseý Lihaçýow
Orsýetiň Rosatom döwlet atom agentliginiň başlygy Alekseý Lihaçýow

Orsýetiň Rosatom döwlet atom agentligi we Özbegistan ýadro boýunça hyzmatdaşlyk barada ylalaşyga gol çekdiler. Rosatom bu ylalaşygyň “graždan atom energiýasynyň dürli aspektleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga ýol açýandygyny aýtdy.

Rosatom ylalaşyga 29-njy dekabrda agentligiň müdiri general Alekseý Lihaçýow we Özbegistanyň premýer-ministriniň orunbasary Nodir Otajonow tarapyndan gol çekilendigini habar berdi.

“Hyzmatdaşlyk Özbegistanyň infrastrukturasynyň döredilmegini we ösdürilmegini, türgenleşikleri, ýadro elektrik stansiýalaryň we ylmy reaktorlaryň gurluşygyny, şeýle-de olaryň ulanylyşynyň dowamynda dolandyrylmagyny we üpjün edilmegini öz içine alyp biler” diýip Rosatom öz beýanatynda aýdýar.

Noýabryň başynda Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedewiň Özbegistana saparynyň dowamynda gol çekilen ylalaşyklaryň arasynda Orsýetiň Rosatom we Özbegistanyň Ylymlar akademiýasy Özbegistanda Rosatom üçin ýadro ýangyjyň öndürilmegi barada şertnama hem gol çekdiler.

XS
SM
MD
LG