Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýa Günorta Koreýa bilen serhetaşyr aragatnaşygy açdy


Demirgazyk we Günorta Koreýanyň arasyndaky harby bolmadyk zonasynda ýerleşýän Panmunjom obasy, 14-nji noýabr, 2017.
Demirgazyk we Günorta Koreýanyň arasyndaky harby bolmadyk zonasynda ýerleşýän Panmunjom obasy, 14-nji noýabr, 2017.

Demirgazyk Koreýa iki ýyldan soň Günorta Koreýa bilen serhetaşyr aragatnaşygyny dikeldip başlady. Bu waka Phenýanyň ýadro ýaragyny we ballistik raketalaryny synamagy bilen bagly birnäçe aýa çeken dartgynlylykdan soň iki bäsdeş ýurtlaryň ýüzbe-ýüz gepleşik geçirmek boýunça mümkinçilik gözlemeginiň yzýanyna gabat geldi.

Demirgazyk we Günorta Koreýalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň maýlamagynyň bu alamaty 3-nji ýanwarda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Phenýanyň lideri Kim Jong Unyň üstünden gülüp, Waşingtonyň “ýadro knopkasynyň has uludygyny” aýtmagynyň yzýanyna gabat geldi.

Demirgazyk Koreýanyň ýurtlaryň arasyndaky harby bolmadyk zonasynda Panmunjom obasynda serhet telefon liniýasyny açmak baradaky kararynyň öňüsyrasynda Seul Phenýanyň Günorta Koreýada geçiriljek 2018-nji ýylyň gyşky olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy barada ýokary derejeli gepleşik geçirmegi teklip edipdi.

XS
SM
MD
LG