Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda protestler dowam edýär, Tähran ABŞ-y öz içerki işlerine goşulmakda aýyplaýar


Eýranyň baýdaklary
Eýranyň baýdaklary

Eýranda hökümete garşy protestler ikinji hepde-de dowam edýär. Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp protestçilere “wagty gelende” kömek bermegi teklip edensoň, Tähran ABŞ-y öz içerki işlerine gatyşmakda aýyplaýar.

Hökümet maglumatyň ýaýramagynda bökdençlik döretmek üçin, sosial media ulgamlaryny petiklänsoň, ýurtda 4-nji ýanwarda geçirilen protestleriň gerimi nämälim galdy.

Hökümete garşy geçirilýän agzalýan protestlerde azyndan 22 adam öldürilip, 1 müňden gowrak adamyň tussag edilendigi habar berilýär. Bu protestler soňky on ýylyň dowamynda Eýranyň ýolbaşçylaryna garşy geçirilýän iň güýçli nägilelik çäreleridir.

Tähranda, Kazerunda, Malaýerde, Nowşahrda we beýleki şäherlerde hökümet baştutanlaryna garşy geçirilen protestlerde düşürildi diýilýän wideolar peýda boldy, ýöne AÝ/AR wideolaryň düşürilen wagtyny we olaryň hakykydygyny garaşsyz çeşmeleriň üsti bilen anyklap bilmedi.

Eýranly ýaşlaryň we işçi gatlagyň ýüzbe-ýüz bolýan ykdysady kynçylyklary sebäpli tutaşan protestler soňlugy bilen elita we hususan-da, ýokary lider Aýatollah Ali Hamaneýä garşy öwrüldi.

Nobel baýragynyň eýesi eýranly Şirin Ebadi 4-nji ýanwarda saudlaryň eýeçiligindäki “Asharq Al-Awsat” gündelik neşirine beren interwýusynda, öz watandaşlaryny ýurduň çar künjünde geçirilýän protestlerde berk durmaga çagyrdy.

“Eger-de hökümet size 38 ýyllap gulak asmadyk bolsa, siziň häzir borjuňyz hökümetiň size aýdýan zadyna üns bermezlik” diýip, Londonda ýaşaýan we 2003-nji ýylda Nobel baýragyna mynasyp bolan eýranly agzalýan gazetde çap edilen interwýusynda aýdýar.

Protestleriň köçedäki ýaňy gowşana çalym etse-de, bu diplomatik kanallar arkaly güýçlenýär.

Tähranyň BMG-däki ilçisi Gulamaly Hoşru 3-nji ýanwarda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine iberen hatynda, Birleşen Ştatlaryň hökümetini “tötänleýin dörän protestleri goldamak bahanasy bilen Eýranyň içerki işlerine ebeteýsiz gatyşmakda” aýyplady.

Hoşru ABŞ-y halkara hukugy bozmakda we BMG-niň ýörelgelerine eýermezlikde günäkärledi hem-de beýleki döwletleri Waşingtonyň beýanatlaryny ýazgarmaga çagyrdy.

“Birleşen Ştatlaryň prezidenti we wise-prezidenti özleriniň birnäçe absurd twitleri bilen eýranlylary bulagaýçylyga öjükdirdi” diýip, Hoşru Howpsuzlyk Geňeşine we BMG-niň baş sekretary Antonýu Guterrişe ugradan hatynda aýdýar.

“ABŞ-nyň Döwlet departamenti öte geçip, Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň Eýrandaky hökümeti ýykmak üçin, protestçileri ruhlandyrmak isleýändigini boýun aldy; Döwlet departamenti ABŞ-yň Facebook we Twitter arkaly Eýranyň içerki işlerine gatyşýandygyny boýun aldy” diýip, ol hatda ýazýar.

Agzalýan hat Trampyň Eýranyň halkyna hökümeti “yzyna almaga” kömek etmegi wada bermeginiň we Ak tamyň demonstrasiýaçylary basyp ýatyrmaga gatnaşanlara garşy sanksiýa girizmegi göz öňünde tutmagynyň yzýany çap edildi.

Tramp protestçileri goldap, birnäçe gezek Twitter arkaly beýanat ýaýratdy. 3-nji ýanwarda ýazan twitinde ol özüniň “Eýran halkyna sarpa goýýandygyny, sebäbi olar korrumpirlenen hökümetden dynmagyň aladasyny edýändigini” aýtdy.

Tramp sosial mediada ýazan hatynda: “Siz wagty gelende ABŞ-nyň egsilmez goldawyny görersiňiz” diýdi.

Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Maýk Pens Trampyň twitlerini goldap, Eýran halkyny özleriniň azatlyk we demokratiýa ugrundaky göreşlerinde Birleşen Ştatlaryny özleriniň “tebigy ýarany” hasaplamaga çagyrdy.

“Meniň baş maksadym, meniň ýürekden çykýan doga-dilegim, Eýranyň ýaş we bilimli halkynyň Birleşen Ştatlaryň we amerikan halkynyň özleriniň ýaranydygyna düşünmegidir. Biz olaryň azat we demokratik geljege eýe bolmagyny isleýäris. Biz olaryň dünýäni bulamagy dowam edýän režimden çetde durmagyny isleýäris” diýip, Pens 3-nji ýanwarda “Amerikanyň sesine” beren interwýusynda aýtdy.

Şeýle-de, ABŞ Eýrandaky protestleri maslahatlaşmak we Eýrana garşy täze sanksiýalary göz öňünde tutmak üçin, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşini duşuşyga çagyrdy.

“Biz Eýran halkynyň sesleriniň ýaňlanmagyna kömek etmek isleýäris” diýip, ABŞ-yň BMG-däki ilçisi guramany herekete geçmäge çagyryp aýtdy.

BMG-niň geňeşi ABŞ-yň protestler boýunça adatdan daşary ýygnak geçirmek üçin eden haýyşy barada heniz karara gelmedi. Diplomatlar käbir beýleki döwletler bilen bir hatarda, Orsýetiň we Hytaýyň Eýrana garşy görüljek çärelere garşy çykmagyna garaşylýandygyny aýdýarlar.

3-nji ýanwarda amerikan mediasy Trampyň administrasiýasynyň resmilerine salgylanyp, Eýranyň protestlere ýowuz daramagy boýunça Birleşen Ştatlaryň oňa garşy täze sanksiýalary göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

Amerikaly resmiler protestçileri goldap çykyş edýän wagty, ýewropaly liderler seresaplylyga çagyrdy. Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron Waşingtondan, Ysraýyldan we Saud Arabystanyndan protestler boýunça edilýän kommentarileriň mazmuny “uruş turuzjak” äheňe çalym edýär diýdi.

Eýranyň ikinji iň iri şäheri bolan Maşatda azyk-harytlaryň we beýleki zerur serişdeleriň bahalarynyň galmagy boýunça turan protestler gysga wagtyň içinde ýurduň dürli künjegine tutaşyp, demonstrasiýalar hökümete garşy gazabyň beýan edilýän çärelerine öwrüldi.

3-nji ýanwarda ir bilen Tähran demonstrasiýalara garşy giň gerimli demonstrasiýa çärelerini gurnap, onda müňlerçe adam hökümeti goldamak üçin köçä çykdy.

Hökümete garşy protest çärelerinde Hamaneýä garşy “diktatora ölüm” diýen şygarlar aýdylan bolsa, demonstrasiýalara garşy geçirilen demonstrasiýalaryň dowamynda Ýokary lideri goldap, onuň şanyna “damarda akýan ganymyz liderimize gurban”, “biz liderimizi ýeke goýmarys” diýen şygarlar aýdyldy.

Demonstrasiýalara garşy geçirilýän köpçülik çäreleri Eýranyň Rewolýusion sakçylar korpusynyň komandiri general-maýor Mohammad Ali Jafariniň 3-nji ýanwarda: “Bu gün ýurtda turan syýasy bulagaýlygyň soňuna çykyldy. Ýurt boýunça bulagaýçylyga gatnaşan arabozarlaryň sany 15 müňden köp däl” diýip aýtmagynyň yzýanyna gabat geldi.

Jafari baş galdyrýanlara erk etmek üçin Ispihan, Lorestan we Hamadan welaýatlaryna öz güýçleriniň ýerleşdirilendigini aýtdy.

Günbatar bilen ýadro ylalaşygyna gol çekilmeginiň yzýany halkara sanksiýalaryň ýatyrylmagy bilen ýurduň nebit pudagy ösen-de bolsa, ýönekeý eýranlylaryň aglaba bölegi üçin ýagdaý üýtgemedi, sebäbi ykdysadyýetiň beýleki ugurlary gowuşgynsyzlygynda galýar.

Hususan-da, ýaş eýranlylaryň arasyndaky işsizligiň derejesi we infliýasiýa artýar.

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani 3-nji ýanwarda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde, hökümete garşy protest çäreleriniň derhal soňlanmagyny umyt edipdir.

Türkiýäniň ozalky ýowuz garşydaşy Eýran bilen gatnaşyklarynyň yzygiderli gowulanmagynyň alamaty hökmünde Erdogan “parahatçylygy we durnuklylygy” saklamak bilen bir hatarda adamlaryň protest geçirmek hukugy “kanun bozmalara ýol açmaly däl” diýip, Rohani bilen ylalaşypdyr.

XS
SM
MD
LG