Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pens: ABŞ azatlyk ugrunda göreşýän eýranlylaryň “tebigy ýaranydyr”


ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pens
ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pens

ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pens demokratiýa we azatlyk ugrunda Tähranda köçä çykyp protestlere gatnaşýan ýaş eýranlylary Birleşen Ştatlaryny özleriniň “tebigy ýarany” hökmünde görmäge çagyrdy.

3-nji ýanwarda Ak tamda Amerikanyň sesine beren interwýusynda Pens: “Amerikan halky Eýranda we dünýäniň dürli künjünde erkinligi söýýän adamlaryň arkasynda durýar we men bu örän umytly pursatdyr diýip pikir edýärin” diýdi.

“Meniň baş maksadym, meniň ýürekden çykýan doga-dilegim, Eýranyň ýaş we bilimli halkynyň Birleşen Ştatlaryň we amerikan halkynyň özleriniň ýaranydygyna düşünmegidir. Biz olaryň azat we demokratik geljege eýe bolmagyny isleýäris. Biz olaryň dünýäni bulamagy dowam edýän režimden çetde durmagyny isleýäris” diýip, Pens belledi.

Pens gaýta-gaýta prezident Donald Trampyň administrasiýasynyň eýranly protestçilere berýän goldawy bilen Barak Obamanyň prezidentligi döwründe Eýranda 2009-njy ýylda turan hökümete garşy protestler boýunça Ak tamyň şol wagtky imisalalygyny deňeşdirdi.

“Meniň ýadyma düşýär, 2009-njy ýylda Eýranda geçirilen saýlawlardaky galplyklara garşy esasan eýranly ýaşlar ajaýyp edermenlik bilen köçä çykyp, demonstrasiýa geçirdiler we ýurtda prezidentlik wezipesine Mahmud Ahmedinejadyň galp ýollar bilen saýlanandygyny aýdyp, oňa garşy protest çärelerini guradylar” diýip, ol aýtdy.

“Şonda olar 2009-njy ýylda Ak tamdan tama etdiler, amerikan ýolbaşçylardan “haraý” gözlediler ýöne tamalary ödelmedi. Obamanyň administrasiýasy çürt-kesik dymdy” diýip, Pens nygtady.

Trampyň ýagdaýlara sesli çemeleşiginiň tersine Obamanyň 2009-njy ýylda bolup geçen “Ýaşyl rewolýusiýa” boýunça ýöreden syýasatyny “atiýaçly” häsiýetlendirmek bolar, sebäbi şol wagtlar hadysalara ABŞ-nyň gatyşmagy ony ozalam “Beýik Şeýtan” atlandyrýan eýranly aşa barlyşyksyzlar tarapyndan onuň nyşana oturdylmagy mümkindi we ruhany režimiň protestçilere garşy herekete geçmegine bahana bolup bilerdi.

Pens eýranly protestçilere goldaw hödürleýän çözgüdiň ýazylmagynda Kongresiň bir agzasy hökmünde özüniň awtorçylyk edendigini we onuň ABŞ-nyň Senatynda we Wekiller öýünde tas biragyzdan diýen ýaly kabul edilendigini, munuň netijesinde Obama administrasiýasynyň hem protestçilere öz goldawyny beýan edip başlandygyny aýtdy.

“Öňki administrasiýanyň sessizligini hem-de onuň azatlygy goldamakda uçran şowsuzlygyny prezident Trampyň Eýranyň batyrgaý halkyny goldamakda barlyşyksyz höwesliligi bilen deňeşdireniňde tapawut bar. Men bilýärin bu köçedäki adamlary we ýurduň çar künjündäki şäherleri umytlandyrýar. Biz olary goldamagymyza dowam ederis...diňe bir dilde däl, ýurtda ýagdaý üýtgär ýaly” diýip, Pens belledi.

Trampyň Eýrandaky azatlyklar ugrundaky çykyşlary “Amerikanyň azat durmuş ugrundaky öňdebaryjy roluna bap gelýär”, ýöne Birleşen Ştatlary protestçileri goldamak üçin herekete geçmäge-de taýýar, diýip Pens aýtdy.

“Men Birleşen Ştatlaryň bolelin hem-de has erkin gelejek isleýän Eýran halkynyň arkasynda durýandygyna güwä geçip bilerin” diýip, ol belledi.

3-nji ýanwarda Eýranyň BMG-däki ilçisi Pensiň we Trampyň protestçilere öz goldawlaryny beýan etmeklerini Eýranyň içerki işlerine gatyşmak diýip aýyplady. Şol bir wagtyň özünde beýleki käbir ekspertler Birleşen Ştatlaryň Eýranda hökümete garşy köçä çykýan adamlara nä dereje kömek edip biljekdigini sorag astyna alýarlar.

Ýöne Pens Waşingtonyň protestçileriň adyndan herekete geçmäge taýýardygyny berk nygtady. Ol administrasiýanyň nämeler edip biljekdigini aýdyňlaşdyrmady.

“Eýranyň halky öz azatlyklary ugrunda we özgeriş ugrunda berk durmaga dowam etseler, olar öz ýurtlaryny onlarça ýyl mundan ozal basyp alyp, henizem dünýä terrorçylygy eksport edýän radikal ideologiýany ret etseler, Birleşen Ştatlaryň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň olar üçin bitirip biljek çakdanaşa giň mümkinçilikleri bar” diýip, wise-prezident belledi.

XS
SM
MD
LG