Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Malaýziýa MH370 uçarynyň gözlegleri üçin şahsy kärhanany tutdy


MH370 uçarynyň gözleg işleri. Arhiwden alnan surat.
MH370 uçarynyň gözleg işleri. Arhiwden alnan surat.

Malaýziýanyň hökümti mundan dört ýyl ozal ýitirim bolan MH370 ýolagçy uçarynyň böleklerini tapmak ugrunda şahsy bir kompaniýany hakyna tutdy.

Malaýziýanyň Transport ministrligi düýbi Teksasda ýerleşýän Ocean Infinity kärhanasy bilen ylalaşyk baglaşmaga görkezmäniň berlendigini mälim etdi. Kompaniýa gözleg işlerini aşyrar, şeýle-de oňa töleg diňe uçaryň böleklerini tapan halatynda ediler.

Kuala Lumpurdan Pekine uçuşy amala Boeing 777 uçary 2014-nji ýylyň 2-nji martynda ýitirim bolupdy. Onuň bortunda 239 ýolagçy bardy.

Malaýziýa, Hytaý w Awstraliýa gözleg işlerini 2017-nji ýylyň ýanwarynda, 1 müň 46 günden soň togtatdylar.

XS
SM
MD
LG