Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp belli şertlerde Demirgazyk Koreýanyň lideri bilen gürleşmäge taýýardygyny aýtdy


ABŞ-nyň prezidenti Doland Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Doland Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Doland Tramp Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un bilen telefon arkaly gepleşmäge meýillidigini mälim etdi.

“Men elmydama gepleşikleriň tarapynda” diýip, ol Kamp Dawide žurnalistlere aýtdy.

Trampdan onuň “Kiçi raketa adamjygy” diýip, häsiýetlendiren şahsyýeti bilen gürleşmek islegi barada soralanda, ol: “Elbetde. Meniň üçin hiç hili mesele ýok” diýip, jogap berdi. Emma, Tramp munuň üçin aýdyňlaşdyrylmadyk käbir şertleriň hem gerek boljakdygyny sözüne goşdy.

Bu baradaky çykyş Demirgazyk we Günorta Koreýanyň iki ýylyň içinde ilkinji gezek resmi gepleşikleri geçirmek baradaky gelen ylalaşygyndan soň edildi. Bu gepleşiklerde esasan Günorta Koreýada 9-25-nji fewral aralygynda geçiriljek Gyşky Olimpiýa oýunlaryna Phenýanyň gatnaşyp-gatnaşmazlygy maslahat ediler.

Demirgazyk Koreýa her sapar, BMG-niň rezolýusiýalaryna garamazdan, ballistik raketalarynyň synaglaryny geçirenden soň, Waşington bilen Phenýanyň arasynda dartgynlylyk döräpdi.

XS
SM
MD
LG