Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa keselhanadaky eýranly ruhana garşy aýyplamalary ýöňkemegi ýa-da ýöňkemezligi derňeýär


Eýranyň ýokary derejeli ruhanysy Aýatollah Mahmud Haşemi Şahroud
Eýranyň ýokary derejeli ruhanysy Aýatollah Mahmud Haşemi Şahroud

Germaniýanyň federal prokuratura edarasy ýurtda öz saglygyna seretdirýän ýokary derejeli eýranly ruhana garşy aýyplamalary ýöňkemegi ýa-da ýöňkemezligi derňemek işleriniň dowam edýändigini aýdýar. Prokuraturanyň bu beýanaty Aýatollah Mahmud Haşemi Şahroudiniň 11-nji ýanwarda Tährana dolanmagynyň mümkindigi barada habarlaryň peýda bolan mahalyna gabat geldi.

Germaniýanyň prokuratura edarasynyň metbugat wekili: “Şahroudi ýurtdan gitse ýa-da gitmese, tapawudy ýok, häkimiýetler onuň Eýranyň Adalat ministrliginiň ýolbaşçysy wezipesinde işleýän döwründe ýüzlerçe ölüm kararlaryna syn etmek arkaly, “adamzada garşy jenaýatlary” amala aşyryp-aşyrmandygyny derňärler” diýdi.

Şu hepde Germaniýanyň prokuraturasyna Eýranyň ýokary ruhany lideri Ali Hameneýiniň mirasdüşeri bolmagy mümkin diýilýän Şahroudä garşy iki şikaýat arzasy berildi.

10-njy ýanwarda nemes oppozision topary Germaniýany, Gannower şäherindäki newrologik bejergi merkezinde salygyna seretdirýän Şahroudiniň ýurdy terk etmeginiň öňüni almak üçin ony tussag etmek barada gyssagly karar çykarmaga çagyrdy.

Bu topar Şahroudiniň we onuň ýanyndaky adamlaryň 11-nji ýanwarda Tährana dolanmagy üçin Eýranyň hökümetiniň ýedi sany uçar biledini rezerwde goýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG