Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak tamyň ýadro ylalaşygy boýunça aljak kararynyň öňüsyrasynda ÝB we Eýran ylalaşygy goldaýar


Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogerini
Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogerini

Germaniýanyň daşary işler ministri Ýewropa Bileleşiginiň Eýran bilen gol goýlan ýadro ylalaşygyny gorap saklamak isleýändigini aýdyp, Waşingtony bu ylalaşyga Tähranyň ballistik ýarag programasyndan we onuň Siriýanyň raýat urşundaky rolundan aýrybaşga mesele hökmünde garamaga çagyrdy.

Sigmar Gabriel bu barada 11-nji ýanwarda Brýusselde Eýranyň, Britaniýanyň, Fransiýanyň daşary işler ministrleri we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogerini bilen geçirjek ýygnagyndan öň çykyş etdi.

Şol bir wagtda, prezident Donald Tramp wezipe başyna geçeli bäri ABŞ-nyň daşary syýasatyny tankyt edip gelýän Gabriel Waşingtonyň Eýranyň Ýakyn Gündogardaky strategiýasy barada aladalanmalaryny beýan etmäge hakynyň bardygyny aýtdy.

Ýöne ol Eýranyň Ýakyn Gündogarda “kyn” rolunyň bardygyny we munuň 2015-nji ýylda Tähran we dünýäniň iň kuwwatly alty ýurdunyň arasynda gol goýlan ýadro ylalaşygyndan aýrybaşga maslahat edilmelidigini belledi.

11-nji ýanwarda Brýusselde geçirilýän ýygnakda, Ýewropa ýurtlarynyň ýokary derejeli resmileriniň Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi özleriniň ýadro ylalaşygyna öňküsi ýaly meýilli, yhlaslydyklaryny ynandyrmagyna garaşylýar.

Ýewropaly diplomatlar Brýusselde geçirilýän duşuşygyň maksadynyň Waşingtona Eýranyň ylalaşygyň şertine ygrarly galýandygyny we Tährany üzňeleşdirmegiň deregine, onuň bilen ýadro ylalaşygyny saklamagyň has amatlydygyny düşündirmekden ybaratdygyny aýdýarlar.

Agzalýan duşuşyk prezident Donald Trampyň ABŞ-nyň mundan beýläk ylalaşygy goldap ýa goldamazlygy boýunça almaly kararyndan bir gün ozal amala aşyrylýar.

Ýadro ylalaşygynyň çäklerinde Eýran özüne garşy girizilen sanksiýalaryň gowşadylmagy şerti bilen alyp barýan ýadro işlerini togtatmagy wada berdi.

Trampyň ýokary derejeli geňeşçileriniň köpüsi ony Eýran sanksiýalary boýunça ABŞ-nyň ygrarlylygyna çagyran bolsa-da, Tramp 10-njy ýanwarda bu meselede göwünsizligini saklady.

11-nji ýanwarda Tramp we onuň esasy geňeşçileri ylalaşyk boýunça belli bir karara gelmek üçin duşuşyk geçirer. Alynjak karar barada 12-nji ýanwarda maglumat mälim ediler.

Aýdylmagyna görä, ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson, goranmak sekretary Jeýms Mattis we milli howpsuzlyk boýunça geňeşçi MakMaster Trampa Tährana garşy sanksiýalary gowşadýan karara ygrarlylyk resminamasyna gol çekmegi üçin basyş edýärler.

Tramp agzalýan ylalaşyga ýiti garşy çykýar we oktýabr aýynda Eýranyň ylalaşygyň talaplaryny berjaý edýändigini tassyklamagy ret etdi. Ýöne Tramp henize çenli ABŞ-y ylalaşykdan çekmedi.

10-njy ýanwarda Eýran eger-de ABŞ ýadro ylalaşygyndan çekilse, Eýranyň hem çekiljekdigini aýdyp duýduryş berdi.

Amerikanlar ylalaşykdan çekilen ýagdaýynda, biz ara wagt salmazdan reaksiýa görkezeris diýip, prezident Hassan Rohaniniň geňeşçisi Majid Taht Rawançi döwlet eýeçiligindäki IRNA habar agentliginde sitirlendi.

ÝB we ylalaşygyň taraplary bolan Britaniýa, Hytaý, Germaniýa, Fransiýa hem-de Orsýet ylalaşygy goldamagy dowam edýärler.

10-njy ýanwarda Moskwada Zarif bilen duşuşan Orsýetiň daşary işleri ministri Sergeý Lawrow “regional durnuklylyga hem-de ýadro ýaragsyzlandyrylmagyna goşýan wajyp goşandy sebäpli” Moskwanyň bu ylalaşygy gorajakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG