Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran mugallymlarynyň guramasy protestler 'nädogry dolandyryş' sebäpli döredi diýýär


Eýram, kazwinli mugallymlaryň demonstrasiýasy. Arhiw suraty.
Eýram, kazwinli mugallymlaryň demonstrasiýasy. Arhiw suraty.

Eýran mugallymlarynyň guramasy ýurduň golaýda turan protestlerine inflýasiýanyň, garyplygyň, işsizligiň we “döwlet resmileriniň nädogry dolandyryşynyň” sebäp bolandygyny aýtdy.

Eýranly mugallymlaryň Kärdeşler arkalaşygynyň utgaşdyryjy geňeşiniň adyndan sosial mediada,app Telegramda 12-nji ýanwarda çap edilen beýanatda aýdylmagyna görä, eýranlylar “agyr ykdysady şertler, yzygiderli diskriminasiýa we korrupsiýa, şonuň ýaly-da garyplyk hem sosial adalatsyzlyk” zerarly protest bildirdiler.

Şeýle-de, Kärdeşler arkalaşygyözleriniň soňky ýyllardaparahatçylykly demonstrasiýa geçirmek baradaky haýyşlarynyň hökümet tarapyndan yzygiderli ret edilendigini, orta gatlak eýranlylaryň agyr ýagdaýy barada çap eden beýanatlarynyň gaýta-gaýta görmezlige salnandygyny aýtdy.

Beýanatda “dürli derejelerdäki dolandyryş başarnyksyzlygyndan..., şeýle-de, resmileriň gulluk derejesinden hyýanatçylykly peýdalanmagyň giň ýaýranlygyndan” şikaýat edilýär.

Eýranyň Garaşsyz kärdeşler arkalaşygy hem 5-nji ýanwarda şuňa meňzeş beýanat çap etdi we “Ýyllarboýy aýlyklarymyz güzeran aýlamaga ýetmeýär diýdik, emma biziň sesimiz hiç wagt eşidilmedi” diýdi.

Eýran hökümeti mugallymlaryň Kärdeşler arkalaşygyny-da, Garaşsyz kärdeşler arkalaşygy toparyny hem ykrar etmeýär.

28-nji dekabrda Maşatda, ýurduň ikinji uly şäherinde bahalaryň gymmatlamagy we beýleki kynçylyklar sebäpli guralan demonstrasiýanyň yzyndan Eýranyň 90-dan gowrak şäherinde adamlar protest ýörişlerine çykdy.

Hökümet syýasatlaryny nyşana gozgalaňlar mahalynda azyndan 22 adam öldürielndir diýip pikir edilýär. Ýöne bu gozgalaňlarda Eýranyň agalyk edýän ruhanylar sistemasyna garşy hem şygarlara gygyryldy, polisiýa we beýleki resmi guramalara hüjüm edildi.

Ýokary ruhany lider Aýatollah Ali Hameneý we beýleki eýran resmileri bu demonstrasiýalary daşary ýurt “duşmanlary” bolmakda günäledi, emma prezident Hassan Rohani adamlaryň “ykdysady, syýasy we sosial talaplarynyň bolandygyny” boýun aldy.

Eýranlylaryň “talap etmäge kanuny haklary bar we biz olaryň diýýänlerini diňlemeli hem-de talaplaryna seretmeli” diýip, Rohani aýtdy.

(Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň habarçysy Golnaz Esfandiariniň makalasy esasyna taýýarlandy.)

XS
SM
MD
LG