Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan žurnalistine aktiwistler tarapyndan ýazgarylan sudda alty ýyl iş kesildi


Afkan Muhtarly
Afkan Muhtarly

Azerbaýjanyň sudy Afkan Muhtarlyny alty ýyl türme tussaglygyna höküm etdi, ol hukuk toparlary tarapyndan syýasy äheňli diýlip häsiýetlendirilen sudda gaçakçylykda we beýleki jenaýatlarda günäli tapyldy.

Balakan etrap sudy 12-nji ýanwarda, Muhtarlynyň hyjuwly soňky sözünden soň, "Prezident Ylham Alyýewiň hökümeti bizi sem edip bilmez” diýen beýanatyndan soň höküm çykardy.

Hukuk toparlary we Günbatar döwletleri bu işiň hökümetiň başga pikirlileri, häkimiýetleri sorag astyna alýanlary we korrupsiýanyň üstüni açmaga çalyşýanlary basyp ýatyrmak ugrunda alyp barýan kampaniýasynyň bir bölegidigini aýtdylar.

Muhtarly we onuň aýaly Leýla Mustafaýewa 2015-nji ýylda, Alyýewiň töweregi bilen bagly hasaplanylýan korrupsiýa barada ýazylan makala dahyllygy üçin, howpsuzlygyny alada edip, Gürjüstana gaçdy.

Şondan bir gün soň, 2017-nji ýylyň maýynda ol Tbiliside ýitirim boldy we azeri häkimiýetleri onuň Bakuwdaky türmede, gaçakçylykda we serhetden bikanun geçmekde aýyplanyp saklanylýandygyny aýtdylar.

Muhtarlynyň aklawçylary Elçin Sadykow we Nemat Kerimli sudda öz müşderileriniňGürjüstandan “alnyp gaçylandygyny we Azerbaýjana bikanun getirilendigini aýtdylar. Şeýle-de olar bu jenaýat işiniň syýasy äheňlidigini aýtdylar we suduň ähli aýyplamany ýatyrmagyny talap etdiler.

XS
SM
MD
LG