Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň prezidenti Tramp ýadro ylalaşygyny 'gowşadyp bilmedi' diýýär


 Prezident Hassan Rohani
Prezident Hassan Rohani

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we onuň adminstrasiýasy Tähranyň dünýä döwletleri bilen baglaşan ýadro ylalaşygyny “gowşatmagyň hötdesinden gelmedi” diýdi we bu ylalaşygy Eýran üçin “Uzak möhletli ýeňiş” diýip häsiýetlendirdi.

Rohani 14-nji ýanwarda döwlet telewideniýesinde göni alnyp görkezilen çykyşynda “Gaýta-gaýta eden tagallalaryna garamazdan, Tramp bu ylalaşygy gowşatmagy başarmady” diýdi.

“Bu ylalaşyk Eýran üçin uzaga çekjek ýeňiş” diýip, Rohani 2015-nji ýylda Tähran bilen ABŞ-nyň, Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Orsýetiň we Hytaýyň arsynda baglaşylan şertnamany nazara alyp aýtdy.

Tramp 12-nji ýanwarda, eger-de ýewropaly gol çekijiler, onuň aýdyşy ýaly, şertnamadaky “aýylganç kemçilikleri” düzetmeseler, Birleşen Ştatlar bu ylalaşykdan çykar diýdi.

Bu ylalaşyga gol çeken beýleki döwletler Birleşen Ştatlary şertnamanyň şertlerini ýerine ýetirmegi dowam etdirmäge çagyrdylar.

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makronyň 13-nji ýanwardaky beýanatynda Tähran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyna “zerur hormatyň” goýulmagyna çagyryldy.

Tähran 13-nji ýanwarda 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygyna haýsam bolsa bir düzediş girizilmek ähtimallygyny ret etdi. Eýran öz ýadro işlerini jylawlamaga razy bolup, onuň deregine ykdysady sanksiýalaryň ýumşadylmagyny gazanypdy.

Eýran öz ýadro programmasynyň diňe parahatçylyk maksatly bolandygyny aýdyp, aýak depýär, emma Birleşen Ştatlar we beýleki ýurtlar Tähranyň ýadro ýaraglaryny edinmäge çalyşýandygyny öňe sürýärler.

Tramp 12-nji ýanwarda häzirlikçe şertnama degmezden Eýran bilen ylalaşyk esasyndaky sanksiýalary ýumşatmaklygy uzaltjakdygyny aýtdy.

Emma Tramp bu şertnamanyň 120 gün içinde başga bir şertnama esasynda berkidilmegini isleýär we eger-de şeýle ädim ädilmese, Birleşen Ştatlaryň dowam edýän ylalaşykdan çykjakdygyny aýdýar.

Trampyň talap edýän üýtgeşmeleriniň arasynda Eýranyň Halkara atom energiýasy gullugy tarapyndan talap edýän barlaglaryň has wagtly-wagtynda geçirilmegine rugsat bermegi, şeýle-de Eýranyň ýadro programmasy babatda girizilen çäklendirmeleriň wagtyň geçmegi bilen möhletiniň gutarmagynyň aýrylmagy bar.

Mundanam başga, Tramp ylalaşykda Eýranyň ýadro tagallalary bilen raketa programmalarynyň bir-birinden aýrybaşga zat däldiginiň görkezilmegini talap edýär.

ABŞ we beýleki resmiler Eýranyň ballistik raketa programmasynyň aňsatlyk bilen ýadro ýaraglarynyň ulanylmagynda peýdalanar ýaly edilip biljekdigini aýdyp, şikaýat edýärler.

Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu 13-nji ýanwarda Fransiýanyň prezidenti E.Makrona telefon edip, Ýewropa bu möhüm ylalaşygy üýtgetse, “paýhaslylyk” boljakdygyny we munuň şertnamanyň güýjünde galmak mümkinçiligini köpeltjekdigini aýtdy.

Netanýahuyň edarasynyň çap eden beýanatynda aýdylmagyna görä, ysraýyl lideri Makrona “Trampyň sözleri çynlakaý kabul edilmeli we eger kimde-kim ýadro ylalaşygyny saklamak isleýän bolsa, ony düzetse, paýhasly bolar” diýdi.

Şeýle-de Netanýahu Makrona dünýäniň “Eýran režiminiň eden bäş jenaýatyny berk ýazgarmalydygyny” aýtdy. Ol Tähranyň ýadro ýaraglaryny edinmek tagallalaryny, ballistik raketalaryň ýasalmagyny, terroryň goldanylmagyny, regional agressiýany we “eýran raýatlarynyň gazaply repressiýa sezewar edilmegini” mysal getirdi.

XS
SM
MD
LG