Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lawrow Trampy Eýran ylalaşygyny gowşatmak synanyşygynda aýyplady


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampy Eýran bilen dünýäniň güýçli döwletleri arasynda baglaşylan ýadro geleşigini gowşatmaga synanyşmakda aýyplap, Trampyň beýanatlary bu ylalaşygyň ýatyrylmagyna getirer diýdi.

Lawrow Orsýetiň öten ýyl alyp baran diplomatik işjeňliginiň gysgaça beýany boýunça 15-nji ýanwarda geçen metbugat ýygnagynda, Trampyň soňky beýanatlarynyň Eýranyň ýadro programmasy barada 2015-nji ýylda gelnen ylalaşygy “bozmaga gönükdirilendigini” we onuň “optimizme we durnuklylyga goşant goşmandygyny” aýtdy.

“Biz Birleşen Ştatlaryň etjek bolýan zadyny, ylalaşygyň mazmunyny üýtgedip, oňa Eýran üçin kabul ederliksiz zatlary goşmak üçin edýän synanyşygyny goldamarys” diýip, Lawrow belledi.

Lawrow: “Gynansak-da, biziň amerikaly kärdeşlerimiz şindi-de diktat we ultimatum esasynda iş alyp barmak isleýärler” diýip, ors resmileriniň ýygy-ýygydan ýöňkeýän aýyplamasyny gaýtalady.

2004-nji ýyldan bäri daşary işler ministri bolup işleýän Lawrow ýyllyk metbugat ýygnagynda: “Olar dünýä syýasatynyň beýleki merkezleriniň pikirlerini diňlemek islemeýärler, şonuň netijesinde köp polýarly dünýäniň gurulmagynyň reallyklaryny kabul etmek islemeýärler” diýdi.

Lawrow geçmişde bolşy ýaly, ýene-de dürli meselelerde diňe Amerikany tankytlap, Orsýeti durnuklylygy güýçlendirip, Günbataryň höçjetligi netijesinde döreýän konfliktleri çözmäge synanyşýan konstruktiw güýç diýip suratlandyrdy.

Birleşen Ştatlar bilen beýleki döwletler Orsýeti öz edýän işleri, şol sanda Ukrainanyň içki işlerine harby taýdan garyşmak, Siriýada barýan uruşda Assadyň hökümetini goldamak, şeýle hem Günbatarda saýlawlara garyşmak bilen regional we global durnuklylygy bozmakda aýyplaýarlar.

Birleşen Ştatlaryň, Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Orsýetiň we Hytaýyň gatnaşmagynda Tähran bilen gelnen ýadro ylalaşygy Eýranyň atom ýaraglaryny öndürmezligini kepillendirmäge gönükdirilen zat.

Bu geleşikde Tähran öz garşysyna girizilen halkara sanksiýalaryň ýatyrylmagynyň deregine ýadro programmasyny çäklendirmegi kabul etdi.

Ýöne Tramp ylalaşyga gol çeken ýewropalylar ondaky “aýylganç ýalňyşlyklary” düzetmeseler, Amerikanyň bu ylalaşykdan çekiljekdigini aýdýar.

12-nji ýanwarda Tramp ylalaşykda Eýrana berlen ýeňillikleri häzirlikçe saklap galjakdygyny aýtdy. Emma ol 120 günüň dowamynda goşmaça ylalaşyk bilen geleşigiň berkidilmegini isleýär.

Tähran özüniň ýadro programmasynyň parahatçylykly maksatlar üçindigini aýdyp, 2015-nji ýyla degişli ylalaşygyň üýtgedilmegini, haýsy formada hem bolsa ret edýär.

Geleşige gol çekişen beýleki döwletler bolsa Birleşen Ştatlary häzirki ylalaşyga bagly galmaga çagyrýarlar.

Lawrowyň aýtmagyna görä, üýtgetmeler ýa-da goşmaça ylalaşyk girizilen halatynda, Eýran özüni ylalaşygy ýerine ýetirmäge borçly hasaplamaz.

Lawrow şeýle hem ylalaşyk başa barmadyk halatynda, Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaraglary we raketa programmalary hakda Phenýan bilen dünýäniň güýçli döwletleri arasyndaky konfrontasiýany hem çözmek kynlaşar diýýär.

Trampyň girizilmeli diýýän talaplarynyň biri Eýranyň Atom energiýasy boýunça halkara gullugynyň barlagçylaryna ýadro işleriniň alnyp barylýan ýerlerine wagtynda baryp görmäge rugsat etmegi.

Tramp mundan başga-da Eýranyň ýadro işjeňligi onuň raketa programmalaryndan aýry tutulmaly däl diýýär.

Birleşen Ştatlar bilen beýleki döwletler Eýranyň ballistik raketa programmasyny aňsatlyk bilen ýadro üçin ulanmaga öwrüp bolýar diýip, nägilelik bildirýärler.

14-nji ýanwarda Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Tramp we onuň administrasiýasy “gaýta-gaýta tagalla etseler-de” ýadro geleşigini “gowşatmagy başarmady” diýdi.

Rohani ýadro geleşigini “Eýran üçin uzak möhletli ýeňiş” diýip taryplady.

XS
SM
MD
LG