Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan TOPH-yň durmuşa geçirilişini utgaşdyrmak boýunça Iş toparyny döretdi


Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň liderleri
Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň liderleri

Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji proýektiniň durmuşa geçirilişini utgaşdyrmak boýunça ýörite Iş toparyny döretmek baradaky karara gol goýdy.

Türkmen döwlet habarlar gullugynyň 15-nji ýanwarda beren maglumatyna görä, karara laýyklykda, TOPH-yň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça ulag geçelgeleriniň we energiýa geçirijileriniň taslamalaryny utgaşdyrmak boýunça Iş topary döredildi we toparyň düzümi hem-de Düzgünnamasy tassyklandy.

Resmi habarda aýdylmagyna görä, bu topar “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça ulag geçelgeleriniň we energiýa geçirijileriniň taslamalarynyň durmuşa geçirilişiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, bu ugurdaky işleriň utgaşykly alnyp barylmagyny gazanmak” maksady bilen döredildi.

Prezident Berdimuhamedow geçen ýylyň dekabrynda TOPH geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga bermek planlaryny yglan etdi hem-de owgan, pakistan kärdeşlerini bu dabara gatnaşmaga çagyrdy.

Şeýle-de Berdimuhamedow dekabrda rus prezidenti Wladimir Putin bilen telefonda gürleşip, Orsýeti hem TOPH geçirijisiniň gurluşygyna goşulmaga çagyrdy.

Emma rus prezidenti Owganystanda “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň agzalarynyň peýda bolandygyny aýdyp, bu proýekti durmuşa geçirmek ähtimallygyna şübhe bildirdi.

1814 kilometr aralyga uzamaly TOPH geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygyna 2015-nji ýylyň dekabrynda başlandy.

XS
SM
MD
LG