Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

FIFA rus futbolçylaryna degişli doping meselesi boýunça alyp barýan barlaglaryny güýçlendirýär


Futbol boýunça halkara federasiýasy FIFA 15-nji ýanwarda özüniň maglumat sorap Grigoriý Rodçenkowa täzeden ýüz tutandygyny aýtdy.
Futbol boýunça halkara federasiýasy FIFA 15-nji ýanwarda özüniň maglumat sorap Grigoriý Rodçenkowa täzeden ýüz tutandygyny aýtdy.

Dünýä futboluna ýolbaşçylyk edýän gurama Orsýetde doping işleriniň giň gerimde alnyp barlandygyny we onuň bassyr-ýussur edilendigini ilkinji bolup paş eden adamdan maglumat toplamak bilen rus futbolçylaryna degişli doping meselesi boýunça alyp barýan barlaglaryny güýçlendirýär.

Futbol boýunça halkara federasiýasy FIFA 15-nji ýanwarda özüniň maglumat sorap Grigoriý Rodçenkowa täzeden ýüz tutandygyny aýtdy. Moskwanyň anti-doping laboratoriýasynyň öňki direktorynyň ýurtdaky doping meselesi hakda 2015-nji ýylda paş edenleri Orsýetiň olimpiýa we beýleki sport çärelerine gatnaşmagynyň gadagan edilmegine getiripdi.

FIFA-nyň barlaglary şu tomus Orsetiň dürli şäherlerinde geçirilmegi planlaşdyrylan 2018-nji ýylky Dünýä çempionlygyna giňleýin taýýarlyk görülýän mahalyna gabat gelýär. FIFA ozal Orsýetiň doping skandalynyň Dünýä çempionlygyna täsir eder diýip çaklamaýandygyny aýdypdy.

Rodçenkow özünde ors futbolynda 34 halatda doping ulanylandygyny görkezýän subutnamalaryň bardygyny aýtsa-da, FIFA ozal ondan göni maglumat almaga synanyşmandy. Bu aýdylýanlar Bütindünýä anti-doping agentligi WADA-nyň raportynda üsti açylan, 2014-nji ýyla degişli doping skandalyny-da öz içine alýar.

FIFA-nyň 15-nji ýanwarda çykaran beýannamasynda WADA-nyň raportynyň awtory Riçard MkLareniň ony Rodçenkowdan alan maglumatlary bilen üpjün edendigi we FIFA-nyň indi Rodçenkow bilen göni habarlaşyp, ondan munuň bilen baglanyşykly goşmaça maglumatlary almak isleýändigi aýdylýar. Rodçenkow doping meselesini paş edeli bäri, öz janyndan gorkýandygyny aýdyp, Birleşen Ştatlarda gizlin ýaşaýar.

Rodçenkow özüniň Moskwanyň anti-doping laboratoriýasyna ýolbaşçylyk eden döwründe geçirilen müňlerçe barlagda Orsýetiň sportçylarynyň doping ulanandygynyň üstüniň açylandygyny we özüniň muňa degişli 8000 çemesi nusganyň ýok edilmegine gözegçilik edendigini aýdýar.

WADA golaýda doping laboratoriýasyndan maglumat bazasyny alandygyny we ondan 3000 nusgany tapyp çykarandygyny habar berdi.

FIFA Moskwanyň maglumat bazasyndan “saýlanyp alnan” doping nusgalarynyň kanuny taýdan analiz edilmegini haýyş edendigini aýtdy.

Moskwanyň laboratoriýasyna degişi maglumat bazasyny Olimpiýa häkimiýetleri-de ulandylar. Orsýetiň geljek aý Günorta Koreýada geçjek Gyşky olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagyna gadaganlyk girizmek kararyna hem şondan soňra gelindi.

Analizçiler Orsýetiň futbol toparyna we beýleki sportçylarynyň garşysyna herekete geçmekde-de, FIFA-nyň şular ýaly subutnamalardan peýdalanandygyny aýdýarlar.

Rodçenkowyň adwokaty Jim Walden golaýda “AP” habar gullugyna laboratoriýanyň maglumat ulgamynyň gizlin “bölüminde müňlerçe we müňlerçe faýllaryň” bardygyny we olaryň Orsýetiň futbolçylarynyň peýdalanan we soňra ýok edilen nusgalary hem görkezýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG