Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Balygy soňky gezek 2017-nji ýylyň awgustynda iýdim"


Türkmenistan. Köçedäki balyk bazary
Türkmenistan. Köçedäki balyk bazary

Balygyñ elýeterli bahadan satylmaýandygyny hem aýtmak adalatly bolar. Kepek, künjara ot iým berip uly azap edilip mal etini ýetişdirmrli. şoña görä onuñ bahasy gymmat bolýar.

emma balyk Türkmenistanyñ uly teritorýasyny onuñ balyk zapaslaryny hasaba alyp teritorýa görä ilaty az bolan ýurdumyzda gymmat bolmagy nämä baglyka?!

aýdaly orta tagamly balygyñ dirileýin agramynyñ kilosyny 9-10manada satyn alyp bolýar. onyñ bir kilosyny arassalap taýar etini çekseñ zordan ýarym kilo gelýär

bu bolsa onuñ etiniñ kilosynyñ mal etiniñki bilen deñdigini hatda ondanda gymmatdygyny añladýar.sebäbi maly dirileýin alyp soýsañ etini pesinden kilosyny 16-17manat töwereginde edip düşürip alyp bolýar.

balygyñky bolsa arassalanan ýagdaýda kilosy 20manada düşýär.

balygyñ etiniñ arassalanan (iç goşlaryndan we gabygyndan) ýagdaýynda kilosy 8-9 manada düşende-de arzan däl. ýöne oñuşsa bolardy.

özümä dogrusy iñ soñky gezek 2017-nji ýylyñ awgustynda Aşgabadyñ Garaşsyzlygyñ 15ýyllygyna gurlan söwda merkeziniñ naharhanasyndan satyn alyp iýenim. bu gün 2018-nji ýylyñ 14-nji ýanwary.

Döwletimiziñ ýolbaşçylary azyk önümleri bilen bir hatarda balygyñ hem halk üçin elýeterli bolmagy ugrunda alada etse gowy bolardy.

dokuñ açdan habary ýok diýlenini etmeli däl...işsizlik sebäpli pulum bolmansoñ bazara baramda balyklary görüp gözüm gitse-de satyn alyp bilmedim. pulumy has zerur iýmite çörege kartoşka ýaga harçladym.

Redaksiýadan: Okyjylaryň hatlary bolşy ýaly çap edilýär. Hatlarda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

XS
SM
MD
LG