Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Memorial’ Inguşystandaky ofisiniň ‘terror’ hüjüminiň netijesinde otlanandygyny aýdýar


Düýbi Moskwada ýerleşýän “Memorial” atly adam hukuklaryny gorap çykyş edýän merkeziň Inguşystanyň Nazran şäherindäki ofis jaýy.

Düýbi Moskwada ýerleşýän “Memorial” atly adam hukuklaryny gorap çykyş edýän merkez özüniň Inguşystandaky ofisiniň “terrorçylykly” hüjümiň netijesinde otlanandygyny we munuň edarany Demirgazyk Kawkazdan gysyp çykarmak kampaniýanyň bir bölegidigini aýdýar.

“Memorial” merkeziniň tanymal agzalarynyň biri Oleg Orlow 17-nji ýanwarda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda hüjümçileriň gijäň ýary merkeziň Nazran şäherindäki ofisini otlandygyny aýtdy.

Soňky ýyllarda azyndan bir aktiwistiň öldürilmegine we basyşlaryň dowam edýändigine garamazdan, sebitdäki bidüzgünçilikleri dokumentleşdirmäge synanyşýan Orlowyň aýtmagyna görä, howpsuzlyk kameralarynda gije sagat 3:30 töweregi ýüzi maskaly iki adamyň ofise gelip, merdiwandan ikinji gata çykýan pursatyny görse bolýar.

Orlow telefon arkaly beren maglumatynda wakada ofisiň alty otagyndan üçüsine agyr zeper ýetendigini aýdyp, özleriniň muny “terrorçylykly hüjüm diýip hasaplaýandygyny” belledi.

XS
SM
MD
LG