Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Mejlisiň deputatlaryny saýlamak boýunça saýlaw okruglary döredildi


Arhiwden alnan surat
Arhiwden alnan surat

Türkmenistanda Mejlisiň deputatlaryny we welaýat halk maslahatlarynyň agzalaryny saýlamak boýunça saýlaw okruglary döredildi.

Türkmen döwlet habarlar gullugynyň (TDH) 18-nji ýanwarda beren maglumatyna görä, şu ýylyň 25-nji martynda geçiriljek bu saýlawlarda Türkmenistan boýunça Mejlisiň jemi 125 deputaty saýlanylar.

Maglumata görä, welaýat halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 240-sy, ýagny, her welaýatda we Aşgabat şäherinde 40-sy döredildi. Etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça bolsa, her etrapda we şäherde 20 saýlaw okrugy, ýagny jemi 1200 saýlaw okrugy döredildi.

“Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýanyň ilkinji guramalarynyň, Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de birleşikleriniň, ýurduň raýat toparlarynyň mejlislerinde saýlaw toparlarynyň düzümlerine iň mynasyp dalaşgärler hödürlenildi” diýlip, resmi habarda aýdylýar.

Şeýle-de, maglumatda öňde boljak saýlawlaryň “bäsdeşlik, aýdyňlyk we açyklyk ýörelgelerinde” geçiriljekdigi, munuň Türkmenistanyň ösüşiň “demokratik ýoluna ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasyna” öwrüljekdigi bellenilýär.

Türkmenistanda şu wagta çenli halkara guramalary tarapyndan giňden ykrar edilen azat we adalatly saýlawlar geçirilmedi.

XS
SM
MD
LG