Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan Siriýanyň Afrin sebitinde gury ýer operasiýalary başlandy diýýär


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Siriýanyň Afrin sebitinde gury ýerdäki harby operasiýalaryň başlanandygyny, Manbijiň ýanyndan hem bir operasiýanyň başlanjakdygyny aýdýar.

20-nji ýanwarda günbatardaky Kutahýa welaýatynda Adalat we Galkynyş partiýasynyň ýygnagynda çykyp gürlän prezident munuň türk goşunlarynyň serhetden geçendigini aňladýandygyny anyk aýtmady.

Türk harbylary biraz öň özleriniň demirgazyk-günbatar Siriýadan, kürtleriň gözegçiligindäki ýerden serhet aşyr atylan oka gaýtawul berendikleriniaýtdylar.

Harbylaryň 20-nji ýanwardaky gysga beýanatynda aýdylmagyna görä, olar Afrindäki bosgunlara we penahanalara hüjüm etmek arkaly iki gün berlen “azara” gaýtawul berdiler. Afrin YPG, Kürt halk goranyş birliginiň kontrollygynda diýip bilinýär. Harbylar başga detallary açmadylar.
Türkiýe olary (YPG) terrorçy gurama diýip hasaplaýar.

Türkiýäniň goranmak ministri Nurettin Canikli 19-njy ýanwarda öz ýurdunyň Siriýanyň Afrin sebitinde ABŞ tarapyndan goldanylýan kürt söweşijilerine garşy harby operasiýa başlandygyny aýtdy.

Prezident Rejep Taýyp Erdogan geçen hepde Afrindäki siriýaly kürt milisiýasy mynjyradylar diýdi. Ankara olary Türkiýäniň howpsuzlygyna wehim diýip hasaplaýar.

XS
SM
MD
LG