Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy amerikan býujeti kabul edilýänçä ýapyk boljagyny yglan etdi


ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy

ABŞ-nyň Senaty federal hökümetiň maliýeleşdirilmegine degişli wagtlaýyn çäreler boýunça ses berişligi 22-nji ýanwara çenli yza tesdirdi. Ak Tamyň we Kongressiň maliýe kanun boýunça ylalaşyga gelip bilmändigi sebäpli 20-nji ýanwarda hökümet öz işini ýatyrdy.

Bu ýagdaý bilen baglylykda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy Amerikan merkeziniň ýapylýandygyny yglan etdi.

“ABŞ-da hökümetiň býujet serişdeleriniň kabul edilmeginde ýüze çykan böwşeňlik sebäpli Aşgabat şäherinde ýerleşýän Amerikan merkezi goşmaça habar berilýänçä ýapyk bolar” diýlip, ilçihananyň ýaýradan resmi maglumatynda aýdylýar.

Resmi maglumatda “Biz Size täzelikleri Ilçihananyň internet sahypasynyň (tm.usembassy.gov), sosial metbugat hasaplarynyň we Amerikan merkeziniň elektron poçtasy boýunça haty arkaly bilen habar bereris. Gyssagly meseleler ýüze çykan ýagdaýynda, bize irc-ashgabat@state.gov salgymyz arkaly ýuz tutmagyňyzy haýyş edýäris” diýlip habar berilýär.

ABŞ-nyň Kongressiniň ýokarky öýüniň býujet boýunça kanunyň taslamasyny kabul edip bilmändigi sebäpli ýurduň döwlet edaralarynyň ençemesi öz işini togtatdy.

XS
SM
MD
LG