Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Milliarderler, döwlet baştutanlary Bütindünýä ykdysady foruma gatnaşmak üçin Dawosa bardylar


Şweýsariýanyň Dawos şäheri
Şweýsariýanyň Dawos şäheri

Üstümizdäki hepde geçiriljek Bütindünýä ykdysady foruma gatnaşmak üçin Şweýsariýanyň Dawos şäherine ýygnan milliarderleriň, döwlet baştutanlarynyň we iri kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň dabaralaryny ýeri öl ýorgana büremek bilen diňe gar haýbat atýar.

Altmyşdan agdyk döwlet we hökümet baştutanlarynyň, şol sanda Amerikan prezidenti Donald Trampyň, şeýle hem ýüzlerçe söwda liderleriniň, akademikleriň, raýat jemgyýetiniň adwokatlarynyň we beýleki tanymal şahsyýetleriň duşuşygy 23-nji ýanwarda Şweýsariýanyň daglyk obasynda başlanýar. Şygar: “Çat açan dünýäde umumy geljegi döretmek”.

Global ykdysadyýetiň gitdigiçe ýokarlanmagy, Dow Jonesda senagatyň ortaça görkezijisiniň ilkinji gezek 26 müňden aşmagy geljege umytly garamaga ýol açýar.

“Men [gara] begenýärin, sebäbi ol Dawosy bolmalysy ýaly edýär – global oba görnüşi, ýöne bu obada, bilşiňiz ýaly, tebigat şindi-de gaty möhüm rol oýnaýar. Biziň gepleşiklerimiz, daşky gurşaw meselesi-de biziň bu ýerde edýän işimiziň alynky hatarynda bolar” diýip, forumyň başlygy Klaus Şwab 21-nji ýanwarda “Reuters” habar gullugyna beren interwiýusynda aýtdy.

Alp daglarynda ýagan güýçli gar dürli regionlarda gatnawy kynlaşdyrýar. Şweýsariýada lawina boýunça 22-nji ýanwarda duýduryş berildi.

Forumyň zallarynyň içinde ykdysady ösüş, daşky gurşawy goramak, terrorizm, ýasama intellekt, Afrikanyň geljegi, şeýle hem bosgunlary gelen ýurtlarynda ýerleşdirmek ýaly meseleler hakda 400 töweregi maslahat geçiriler.

Birleşen Ştatlaryň maýa goýum “Lehman Brothers” bankynyň işiniň batmagy bilen başlanan global maliýe krizisi netijesinde ykdysadyýetleriň durgunlyga düşmeginiň üstünden on ýyl geçensoň, gepleşikleriň uly böleginde Trampyň pikirleriniň agdyklyk etmegine garaşylýar.

Ownuk-uşak protestler hem ýok däl. Has uly proteste 23-nji ýanwarda Zurihde garaşylýar. Ýöne solçy toparlaryň 25-nji ýanwarda obada demonstrasiýa geçirmek üçin beren haýyşnamasyny häkimiýetler güýçli gar sebäpli ýeterlik ýer ýok diýip ret etdiler.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti foruma gatnaşmaly däl diýip, internetde ýerleşdirilen petisiýa eýýäm 16 müňden agdyk adam gol çekdi.

Protesti togtatmak üçin edilen göçüm “global elitanyň güýç-gudratynyň arkasynda gizlenmegiň bir ýoly” diýip, Şweýsariýanyň Ýaş sosialistleriniň başlygy Tamara Funsiello AP habar gullugyna beren interwiýusynda aýdypdyr.

Şweýsariýnyň polisiýasy howpsuzlygy goramak üçin, regionda 4300-den agdyk işgärlerini ýerleşdirdi. Polisýa bu san öňki ýyllarda işe çekilen işgärleriň sanyna çalymdaş diýýär.

Forumda tanymal aýdymçylar-da bar. Aýdymçy Elton Jon bilen Keýt Blançet dabarlara gatnaşmak bilen adamlaryň ünsüni sosial meselelere çekmek isleýän onlarça tanymal şahsyýetleriň diňe ikisi.

Bu ýylky forumda Hallywood produýseri Harweý Weinstein we beýlekileriň jynsy taýdan nädogry edim-gylymlary netijesinde dörän “#MeToo” hereketine salgylanma hökmünde jynsy ezýet-azar barada hem birnäçe maslahat geçiriler.

Seksizimde bolan aýyplamalar nazarda tutulyp, bu ýylky foruma beýlekiler bilen birlikde ýedi sany aýal başlyk, şol hatarda Halkara pul fondunyň başlygy Kristiýan Lagarde we IBM kompaniýasynyň ýokary derejeli müdiri Jinni Rometty-de saýlandy.

XS
SM
MD
LG