Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet ABŞ-nyň Siriýadaky himiki hüjüm baradaky tankydyny ret edýär


Reks Tillerson Himiki ýaraglaryň ulanylmagy üçin jogapkärçilik çekmezligiň garşysyna hyzmatdaşlyk guramasynyň konferensiýasynda çykyp gürledi.

Orsýet ABŞ-nyň Siriýada himiki ýaraglaryň ulanylmagy üçin Moskwa jogapkär diýen aýyplamasyna gaharly gaýtawul berdi we Waşibgtony Ýakyn Gündogar ýurdundaky urşuň tamamlanmagy üçin edilen tagallalary gömmek synanayşygynda aýyplady.

Rus resmileri ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillersonyň Damaskyň eteginde güman edilýän täze himiki hüjümiň “pidalary üçin jogapkärçiligi ahyr netijede Moskwa çekýär” diýen sözlerine gaharly jogap berdiler.

Prezident Wladimir Putiniň sözçüsi Dmitriý Peskow 24-nji ýanwarda ABŞ resmileri “hiç bir esas ýok ýerinden” netije çykarmaga gyssanýarlar diýdi.

"Biz amerikanlaryň çemeleşmesi bilen düýpden razylaşmaýarys, olar Siriýada edilen ozalky himiki hüjüm mysallarynyň hakyky derňewini bulaşdyran adamlar” diýip, Peskow žurnalistlere aýtdy.

Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow bolsa, şu aralykda, Birleşen Ştatlary “dartgynlylyk döretmek we himiki ýaraglaryň ulanylmagynyň üstüni örtmek üçin Moskwany aýyplamaga bahana tapmak” synananyşygynda günäledi.

Siriýanyň Daşary işler ministrligi özleriniň şindi hem himiki ýarag ulanýandyklary barada aýdylýan zatlaryň ýalandygyny, bu ýalançylyklaryň “Siriýada krizisden çykmaga edilýän tagallalaryň öňüni almaga” gönükdirilendigini aýtdy diýip, döwlet eýeçiligindäki SANA habar gullugy aýtdy.

Orsýet Siriýada ýedi ýyla golaý dowam eden urşuň dowamynda prezident Başar al-Assadyň hökümetine aýgytly harby we diplomatik kömek berdi, bu uruş protestçileri basyp ýatyrmakdan başlandy we ýüz müňlerçe adamyň öldürilmegine alyp geldi.

Amerikan prezidenti Donald Tramp Assady “jenaýatçy” diýip atlandyrdy we Günbatar hökümetleri Moskwany uzak wagt bäri BMG-niň Howpsuzlyk geňeşindäki agzalyk we weto goýmak hukugyny Assady güman edilýän himiki hüjümleri we beýleki hereketleri üçin jezalandyrmakdan goramak üçin ulanmakda günäleýärler.

Tillerson 23-nji ýanwarda Parižde eden çykyşynda Orsýet Siriýanyň hökümetine Himiki ýaraglary ulanmagy gadagan edýän şertnamany bozmaga kömek berýär diýdi.

Şeýle-de ol Orsýet geljekde BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde himiki ýaraglary ulanyjylary jogapkärçilige çagyrýan rezolýusiýalar sese goýlanda “weto goýmagyny bes etmeli, bolmanda mundan saklanmaly” diýdi.

Orsýetiň BMG-däki ilçisi Wasiliý Nebenzia Tillersonyň bu sözlerini gaharly ret etdi we Waşington Siriýanyň hökümetini himiki ýaraglary ulanmakda “gyssanmaç aýyplady” diýdi.

"Indi olar Orsýeti hem munuň içine çekmäge synanyşýarlar” diýip, Nebenzia 23-nji ýanwarda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşine aýtdy.

Siriýanyň goşuny we hökümeti häzir ýedinji ýylyna giren uruşda himiki ýaraglary ulanandygyny yzygiderli ret edýär, Moskwa bolsa, himiki ýaraglaryň geçmişde ekstremistler tarapyndan ulanylandygyny öňe sürýär.

BMG-niň himiki ýarag ulanylmagyna garşy sanksiýa girizmek tagallalary, Orsýetiň gaýta-gaýta weto goýmagy netijesinde, başa barman gelýär.

Tillerson täze guramanyň – Himiki ýaraglaryň ulanylmagy üçin jogapkärçilik çekmezligiň garşysyna hyzmatdaşlygyň konferensiýasynda çykyp gürledi. Bu gurama himiki hüjüm edenlere garşy basyşyň güýçlendirilmegini niýet edinýär.

Aktiwistler we halas ediş toparlary 22-nji ýanwarda Damaskyň eteginde, pitneçileriň elindäki ýerde ýaşaýan adamlara garşy ulanylan zäherli gazyň 20-ä golaý asuda adama zyýan ýetirendigini we bu hüjümiň Siriýanyň hökümetinden görülýändigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG