Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ‘Polarisden’ harby ulaglary satyn alýar


Aşgabatda geçirilen harby paradlaryň biri. Arhiwden alnan surat
Aşgabatda geçirilen harby paradlaryň biri. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanyň Ýörite güýçleri “Polaris Government and Defence” kompaniýasyndan ulaglary, şol sanda harby maksatlar üçin niýetlenen maşynlary satyn almak barada millionlarça dollarlyk şertnama gol goýdy diýip, “Soldiersystem” neşiri habar berýär.

Neşiriň 24-nji ýanwarda beren maglumatynda “Polaris Government and Defence” kompaniýasynyň ulaglarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilen paradda hem görkezilendigi aýdylýar.

“Türkmenistanyň goranmak güýçleri öz guryýer ulaglaryny Polarisiň ýeňil taktiki ulaglary bilen çalyşýan mahaly, Polaris Türkmenistanyň hökümetini we onuň goranmak güýçlerini goldamaga sabyrsyzlyk bilen garaşýar” diýip, kompaniýanyň halkara biznesi ösdürmek boýunça direktory Doug Malikowski aýtdy.

Türkmenistanyň “Polarisden” satyn alýan ulaglarynyň arasynda “DAGOR™”, “MRZR®” we “MV850™” kysymly ulaglaryň bardygy aýdylýar. Emma olaryň sany barada anyk maglumat berilmeýär.

Soňky aýlarda türkmen mediasynda Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze satyn alnan harby tehnikalar we ýaraglar bilen tanyşýandygy, olary elin synagdan geçirýändigi habar berilýär.

Türkmenistanyň serhetleri, rus ekspertleriniň käbiriniň pikirine görä, Owganystandan abanýan ekstremizm howpunyň öňünde iň gowşak goralýan ýerleriň biri bolup durýar. Ýöne Türkmenistan oňyn bitaraplyk syýasatyna esaslanyp, rus resmileriniň bu meselede teklip edýän kömek-ýardamlaryna açyk bir jogap gaýtarmaýar.

XS
SM
MD
LG