Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Zemany Çehiýanyň prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Miloş Zemany Çehiýanyň prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady.

Türkmenistanyň metbugatyna görä, Gurbanguly Berdimuhamedow Zemana “ýakymly gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny” ýollap, oňa berk jan saglygyny, bagty, şeýle-de iň ýokary döwlet wezipesinde “dostlukly ýurduň mundan beýläk öňegidişliginiň we gülläp ösmeginiň hatyrasyna” üstünlikleri arzuw edipdir.

73 ýaşly Zeman saýlawlaryň ikinji tapgyrynda sesleriň 51%-ni toplap, 27-nji ýanwarda ikinji prezidentlik möhletine saýlandy. Onuň esasy bäsdeşi Irži Dragoş sähel yzda galyp, sesleriň 48%-ne eýe boldy. Ses berijileriň gatnaşyk derejesi 66% boldy.

Bäş ýyllyk birinji prezidentlik möhletiniň dowamynda Zeman ençeme gezek Orsýete sapar etdi we Orsýetiň Krymy öz düzümine goşmagy sebäpli Moskwa garşy girizilen sanksiýalary ýatyrmagyň tarapynda çykyş etdi. Dragoş ýewropaçy syýasatçy hasaplanýar.

Türkmenistan Çehiýa Respublikasy bilen 1993-nji ýyldan bäri diplomatik gatnaşygyny saklaýar.

XS
SM
MD
LG