Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan aňtaw gullugynyň başlygy, içeri işler ministri Pakistana bardy


Owganystanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy Masum Stanekzaý
Owganystanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy Masum Stanekzaý

Owganystanda bolan ençeme ýowuz hüjümleriň yzysüre, owgan aňtaw gullugynyň başlygy we içeri işler ministri Pakistanyň resmileri bilen howpsuzlyk meselelerini maslahat edýärler.

Owganystanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy Masum Stanekzaý we içeri işler ministri Wais Barmak garaşylmadyk sapar bilen 31-nji ýanwarda Yslamabada bardy.

Owganystanyň baş ýerine ýetirijisi Abdulla Abdullanyň metbugat wekili Jawed Faýsal iki resminiň “Pakistanyň häkimiýetleri bilen, hususanda, ýakynda Kabulda bolan hüjümler barada delilleri we resminamalary” paýlaşjakdygyny aýtdy.

Soňky hepdelerde owgan paýtagtynda ýowuz hüjümleriň birnäçesi amala aşyryldy. 27-nji ýanwarda janyndan geçeniň amala aşyran ulagly bomba hüjüminde 100-den gowrak adam öldürilip, bu hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” topary öz üstüne alypdy.

Owgan resmileri hüjümiň düýbi Pakistanda ýerleşýän we “Talyban” bilen ilteşikli ekstremist “Hakkani” ulgamy tarapyndan amala aşyrylandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG