Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek resmileri: Milli howpsuzlyk gullugynyň täsirli başlygy wezipesinden boşadyldy


Rustam Inoýatow
Rustam Inoýatow

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew uzak wagt bäri wezipede saklanan we prezidentiň güýçli bäsdeşi hasaplanýan ýurduň Milli howpsuzlyk gullugynyň täsirli başlygy Rustam Inoýatowy wezipesinden boşatdy. Bu barada Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna özbek hökümetiniň ýokary derejeli iki resmisi aýtdy.

31-nji ýanwarda Özbegistanyň Baş prokuratura edarasy we Milli howpsuzlyk gullugy bilen geçirilen ýygnakda Mirziýoýew özbek Milli howpsuzlyk gullugyna 23 ýyl ýolbaşçylyk eden we 73 ýaşyndaky Inoýatowyň ýerine Ihtiýor Abdullaýewiň wezipä bellenilendigini aýtdy diýip, resmiler belleýärler.

Özbek resmileri bu mesele boýunça köpçülikde çykyş etmäge özleriniň ygtyýarlyklarynyň ýokdugyny aýdyp, anonim şertde gürleşdiler.

General-polkownik derejesine eýe bolan Inoýatow, 2016-njy ýylyň sentýabrynda öňki prezident Yslam Karimowyň ölendigi yglan edilenden bäri, öz wezipesini saklap gelen sanlyja ýokary derejeli özbek resmileriniň biridi.

Berk kontrollykda saklanylýan Özbegistanda Milli howpsuzlyk gullugy ýurduň iň ýapyk we güýçli gulluklaryň biri hasaplanýar.

Il içine çykmakdan gaça duran we kän göze ilmezligi ileri tutan Inoýatow köp ýyllardan bäri Özbegistandaky iň täsirli adamlaryň biridi.

51 ýaşyndaky Ihtiýor Abdullaýew Özbegistanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy bellenilmezden öň ýurduň baş prokurory wezipesinde işleýärdi.

XS
SM
MD
LG