Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Serbiýanyň daşary işler ministrini ‘Dostluk ordeni’ bilen sylaglady


Serbiýanyň daşary işler ministri Iwiça Daçiç
Serbiýanyň daşary işler ministri Iwiça Daçiç

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Serbiýanyň daşary işler ministri Iwiça Daçiçi “Dostluk ordeni” bilen sylaglady. Putin bu döwlet medalyny her ýyl daşary ýurtlylaryň birnäçesine berýär.

30-njy ýanwarda Russiýanyň hökümetiniň resmi websaýtynda çap edilen Putiniň kararyna laýyklykda, Daçiçe bu medal bilen “ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy we dostlugy berkitmekdäki üstünlikleri” üçin sylaglanypdyr.

Öňki premýer-ministr Daçiç Serbiýada Russiýa tarapdar syýasatçylaryň biri hasaplanýar.

Balkan ýurtlarynyň biri Serbiýa Ýewropa Bileleşigine goşulmaga çalyşýar, ýöne şol bir wagtda-da, Russiýa bilen mähirli gatnaşyklary saklamaga synanyşýar.

Bu sylag, Daçiçiň we prezident Aleksandar Wuçiçiň Moskwa sapar edip, Putin we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gepleşikleri geçirmeginden birnäçe hepde soňa gabat geldi.

XS
SM
MD
LG