Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen duşuşdy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň daşary işler ministri Elmar Magerram ogly Mamedýarow bilen duşuşdy. 31-nji ýanwar, 2018 ý.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň daşary işler ministri Elmar Magerram ogly Mamedýarow bilen duşuşdy. 31-nji ýanwar, 2018 ý.

Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň daşary işler ministri Elmar Magerram ogly Mamedýarowy we Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOСAR) maýa goýumlar we marketing boýunça wise-prezidenti Elşad Nasirowy kabul etdi.

31-nji ýanwarda geçirilen duşuşygyň barşynda “ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça, şeýle hem ähli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýaýbaňlandyrmak üçin bar bolan uly mümkinçilikler” barada pikir alşyldy.

“Özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda energetika ulgamy görkezildi. Türkmenistan we Azerbaýjan bu ugurda dünýä bazarlaryna energiýa serişdelerini ibermegiň deňeçer, köpgörnüşli ulgamynyň döredilmegi babatda köpugurly tagalla edýärler... Bu ugurdaky bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm şertini emele getirýär” diýip, Türkmen döwlet habarlar (TDH) gullugy belleýär.

Şol bir wagtda, duşuşygyň dowamynda nähilidir bir ylalaşyklaryň baglaşylandygy ýa-da baglaşylmandygy barada häzirlikçe jikme-jik maglumat berilmeýär.

Habarda duşuşyga Azerbaýjanyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Hasan Sultan ogly Zeýnalowyň hem gatnaşandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG