Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Waşingtonyň köçesine orsýetli oppozisiýa lideri Boris Nemtsowyň ady dakyldy


Orsýetiň prezidentiniň açyk tankytçysy Boris Nemtsow 2015-nji ýylda Kremliň golaýyndaky köprüde atylyp öldürildi
Orsýetiň prezidentiniň açyk tankytçysy Boris Nemtsow 2015-nji ýylda Kremliň golaýyndaky köprüde atylyp öldürildi

Waşingtonyň şäher geňeşi Orsýetiň ilçihanasynyň ýerleşýän köçesine janyna kast edilen orsýetli oppozisiýa lideri Boris Nemtsowyň hormatyna onuň adyny dakdy. ABŞ-nyň bu hereketi Orsýetde nägilelik döretdi.

Boris Nemtsowyň Azatlyk ugrundaky fondunyň ýolbaşçysy Wladimir Kara-Murzanyň 6-njy fewralda aýtmagyna görä, Waşingtonyň Wiskonsin köçesine Boris Nemtsowyň adynyň dakylmagy boýunça resmi dabaranyň geçiriljek güni 27-nji fewrala, ýagny syýasatçynyň wepat bolan senesiniň üçünji ýyl dönümine bellenipdir.

Orsýet hökümetiniň baştutanynyň öňki orunbasary we prezident Putiniň açyk tankytçysy Boris Nemtsow 2015-nji ýylda Kremliň golaýyndaky köprüde atylyp öldürilipdi.

Onuň janyna kast edilmegi halkara derejesinde berk ýazgarylypdy we Kremle garşy çykyş edýän adamlaryň uly howpa duçar bolmagynyň subutnamasy hökmünde kabul edilipdi.

Nemtsowyň tarapdarlary onuň wepat bolan ýerinde ýadygärlik tagtajygyny ýerleşdirmek barada Moskwanyň häkimiýetlerinden yzygiderli rugsat sorap gelýärler.

Iýul aýynda Moskwanyň sudy Nemtsowyň ölümine sebäpkär bolmakda bäş adamyň günälidigini yglan etdi. Demirgazyk Kawkaz regionynyň Çeçenistan Respublikasyndan bäş adam syýasatçyny öldürmekde aýyplanyp, uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi. Emma Nemtsowyň ýakynlary kast edişlige ýokary derejeden tabşyryk berlendigini aýdýarlar.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi Waşingtonyň häkimiýetleriniň Nemtsowyň adyny köçä dakmak boýunça hereketini tankyt etdi we ABŞ-nyň kanun çykaryjylaryny janyna kast edilen syýasatçynyň adyny “manipulýasiýa” üçin ulanmakda aýyplady.

XS
SM
MD
LG