Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkegiň sudy öňki baş prokuror Aida Salyanowanyň jezasyny güýjünde galdyrdy


Aida Salyanowa, Bi\kek, 7-nji fewral, 2018
Aida Salyanowa, Bi\kek, 7-nji fewral, 2018

Bişkegiň şäher sudy öňki baş prokuror we oppozision kanun çykaryjy Aida Salyanowa babatynda bäş ýyl şertli türme tussaglygyna degişli jezany güýjünde saklady.

Salyanowa suduň 7-nji fewralda çykaran kararyndan şikaýat etjekdigini žurnalistlere aýtdy.

Oktýabr aýynda Bişkegiň Lenin etrap sudy Salyanowanyň öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda günälidigi aýtdy we ony bäş ýyl türme tussaglygyna hökümet etdi, emma kararyň durmuşa geçirilmegini onuň iki ýaşly gyzy 14 ýaşyna ýetýänçä yza tesdirdi.

“Ata-Meken” oppozision partiýasynyň baş agzasy Aida Salyanowa özüne garşy gozgalan işi ret edip, ony syýasy matlaply atlandyrýar.

Häkimiýetler Salyanowa garşy derňewleri mart aýynda, “Ata-Meken” partiýasynyň prezidentlige dalaşgär hökmünde öňe süren öz lideri Ömürbek Tekebaýewiň tussag edilmeginiň yzýany başlapdy.

XS
SM
MD
LG