Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalision güýçler 100 siriýaçy söweşijiniň öldürlendigini aýtdy


Siriýanyň demokratik güýçleriniň söweşijileri, Rakka, 18-nji oktýabr, 2017
Siriýanyň demokratik güýçleriniň söweşijileri, Rakka, 18-nji oktýabr, 2017

ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň Siriýadaky howa we guryýer güýçleri ABŞ-nyň ýarany bolan Siriýanyň demokratik güýçleriniň edaralaryna edilen “prowosirlenmedik hüjümde” 100 siriýaçy söweşijini öldürdi diýip, ABŞ-nyň resmileri aýdýarlar.

“Siriýanyň režimine tarapdar güýçler, şol sanda 500 çemesi ýaragly top oklaryna, tanklara, raketa sistemalaryna we mina atyjylary daýandylar” diýip, gizlinlik şertlerinde gepleşen resmi 7-nji fewralda habar berdi.

Mundan bir gün öň ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň eden resmi beýanatynda, onuň geňeşçileriniň Siriýanyň demokratik güýçleriniň Del-el-zor edaralaryna hüjüm edilen wagtynda bolandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG