Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa Russiýany ‘ýaramaz niýetli’ kiber hüjüminde aýyplady


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Britaniýa Russiýany geçen ýylyň tomsunda tutuş Ýewropanyň çägindäki kompaniýalara päsgelçilik döreden kiber hüjüminde aýyplap, Günbataryň şeýle “ýaramaz niýetli” hereketlere geçirimlilik etmejekdigini duýdurdy.

Britan Daşary işler ministrliginiň 15-nji fewralda çap eden maglumatynda “NotPetýa Ransomware” diýlip atlandyrylýan hüjüme “Russiýanyň hökümetiniň, hususan-da, rus harbylarynyň” jogapkärdigi aýdylýar.

Britaniýanyň goranmak ministri Gawin Williamson Russiýanyň “düzgünler kitabyny bozýandygyny” aýdyp, Londonyň muňa gaýtawul bermelidigini belledi.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow Britaniýanyň öňe sürmelerini esassyz diýip ret edip, olary, onuň sözüne görä, günbatar ýurtlarynyň käbirinde alnyp barylýan “rusofobik” kampaniýanyň bir bölegi diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG