Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO täze komanda merkezilerini döredýär, Yrakda tälim missiýasyny güýçlendirýär


 Jens Stoltenberg
Jens Stoltenberg

NATO-nyň goranmak ministrleri Brýusselde iki sany komanda merkezini döretmek baradaky planlaryny tassyklap, iki günlük duşu\yklaryny jemlediler. Olar bu komanda merkezlerini harby ýaranlygyň “üýtgeýän” howpsuzlyk ýagdaýlaryna jogaby diýip atlandyrýarlar.

NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg 15-nji fewraldaky duşuşykda çykyp gürläp, ýaranlaryň Yrakdaky gatnaşygyny hem “güýçlendirmegi” planlaşdyrandygyny aýtdy.

Ministrler gepleşikleriň birinji gününde guramanyň iki sany komanda merkeziniň döredilmegini tassyk etdiler, bu merkezler Ýewropanyň çägindäki goşunlary çalasyn ondan-oňa geçirmek mümkinçiliklerini giňeltmek, kontinent bilen Demirgazyk Amerika arasyndaky deňiz kanallaryny goramak maksady bilen döredilýär.

Logistika, goşmaça güýç we harby mobillik üçin gurlan täze komanda merkezi NATO-nyň krizislere “öz wagtynda, öz ýerinde we dogry güýç bilen” gaýtawul bermegine şert döreder” diýip, Stoltenberg 14-nji fewralda aýtdy.

Şeýle-de, NATO agzalary täze kiber operasiýalary merkezini ýola goýdular, ol, başga zatlar bilen bir hatarda, harby haker hüjümlerine garşy durmaga ýardam eder.

"Ýewropadaky howpsuzlyk ýagdaýlary üýtgedi, onsoň oňa NATO-nyň jogaby hem üýtgedi” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýaranlyk Sowuk uruş döwründen bäri 33 komanda merkezinde işleýän 22 müň işgärini azaldyp, ýedi merkezde 7 müň çemesi işgäre getirdi diýip, baş sekretar aýtdy.

Ministrleriň iýun aýynda boljakindiki duşuşykda zerur bolan möhletler, ýerleşdiriljek ýerleri we artdyrylan işgärleriň sany barada karara gelmeklerine garaşylýar.

Bu çäreler Orsýetiň 2014-nji ýylyň martyndaUkrainanyň Krym sebitini ele geçirmegi, gündogar Ukrainadaky regionlary elde saklaýan separatistlere goldaw bermegi bilen bagly meseleler üstünde Moskwa bilen NATO-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň barha beter dartgynlaşmagyndan soň görülýär.

Kiýew güýçleri bilen Orsýetiň goldawyndaky separatistleriň arasynda barýan uruşda 2014-nji ýylyň aprelinden bäri 10 müň 300-den gowrak adam öldürildi.

Stoltenberg 15-nji fewralda özüniň Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen 16-18-nji fewralda, Germaniýanyň Mýunhen şäherinde geçiriljek howpsuzlyk maslahatynda duşuşmakçy bolýandygyny hem aýtdy.

“Dartgynlyklar güýçlenýän wagty dialoglar has-da möhüm” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Yrakda bolsa, baş sekretaryň aýtmagyna görä, goranmak ministrleri NATO tälim beriş missiýasyny planlaşdyryp başlamak kararyna geldiler. Ol “bu missiýanyň häzirki tälim beriş tagallalaryny has-da durnukly ýagdaýa getirjekdigini” belledi.

XS
SM
MD
LG