Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mýunhen maslahatynda Orsýet bilen ABŞ arasyndaky dartgynlyklar 'gaýnady'


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow maslahatda çykyş edýär. 17-nji fewral, 2018.
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow maslahatda çykyş edýär. 17-nji fewral, 2018.

Germaniýada geçirilýän howpsuzlyk maslahatynyň ikinji gününde Orsýet bilen Günbataryň arasynda Ukrainadaky uruş we Moskwanyň 2016-njy ýyldaky amerikan saýlawlaryna gatyşygy diýilýän üstündäki dartgynlyklary esasy tema aýlandy.

Mýunhendäki maslahatyň birinji gününde gündogar Ukrainada BMG-niň parahatçylyk güýçlerini ýerleşdirmek mümkinçiligi babatdaky meselede biraz progres alamatlary bolan hem bolsa, orsýetli we amerikaly diplomatlar Waşingtonyň täze saýlaw gatyşmasy aýyplamalary üstünde çekeleşdiler.

Şu aralykda, 17-nji fewralda Germaniýadan, Fransiýadan we Orsýetden ybarat – Gündogar Ukrainada Orsýet tarapyndan goldanylýan güýçler bilen Kiýew goşunlarynyň arasyndaky söweşleri togtatmagy maksat edinýän “Normandiýa” formaty baradaky gepleşikler şowsuz gutardy.

XS
SM
MD
LG