Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa Siriýanyň we Orsýetiň söweş uçarlarynyň adam pidaly hüjümlerini gorady


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow

Orsýet Damaskyň eteginde Siriýanyň we Orsýetiň söweş uçarlarynyň amala aşyran massiw hüjümlerini gorap çykyş etdi. Garaşsyz synçylar hüjümde iki günüň dowamynda 250 parahat ýaşaýjynyň wepat bolandygyny aýdýarlar.

20-nji fewralda BMG-niň we günbatar ýurtlarynyň onlarça çagany öz içine alýan weýrançylykly hüjümler bilen baglylykda aladalanma bildiren wagtynda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow munuň esasly bolandygyny aýtdy.

“Bar bolan ylalaşyklar hasaba alnanda, terrorizme garşy göreş hiç zat bilen çäklendirilmeli däl” diýip, Lawrow Moskwada eden çykyşynda aýtdy.

Lawrow gündogar Ghouta regionyndaky ýagdaýlarda “Al Nusra” frontunyň söweşijilerini “ýaragly prowokasiýa üçin aýyplady”.

BMG, ABŞ we Ýewropa ýurtlary, şeýle-de adam hukuklaryny goraýjy toparlar Siriýanyň we Orsýetiň söweş uçarlarynyň we dikuçarlarynyň 48 sagadyň dowamynda amala aşyran howa hüjümleriniň netijesinde raýatlaryň heläk bolmagyny ýazgaryp çykyş etdiler.

XS
SM
MD
LG